Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň DHÇMB söwdalarynda nebit önümleri öňdeligi eýeledi
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň DHÇMB söwdalarynda nebit önümleri öňdeligi eýeledi
Çap edildi 30.12.2017
2184

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-dan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň dürli görnüşleri, portlandsement, pagta süýümi, nah matalar ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Türkiýe, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 8 million 569 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen önümleriň 2 million 713 müň manatlygyny satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 1 million 810 müň manatlykdan gowrak gurluşyk tehnikasyny, ýol nebit bitumyny hem-de pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
19.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
19.07
Täze tebigy gaz akymy alyndy
18.07
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
top-arrow