Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Döwlet etalon merkeziniň Ýylylyk barlaghanasy halkara akkreditasiýa aldy
Ykdysadyýet
Döwlet etalon merkeziniň Ýylylyk barlaghanasy halkara akkreditasiýa aldy
Çap edildi 12.01.2018
2122

Türkmenistanyň Döwlet etalon merkeziniň Ýylylyk barlaghanasy Slowak milli akkreditasiýa gullugy tarapyndan halkara akkreditasiýasyny üstünlikli geçdi hem-de degişli şahadatnamany aldy. Bu barada Hökümetiň mejlisinde maliýe-ykdysady topluma gözegçilik edýän wise-premýer G. Myradow habar berdi. Şeýle hem “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň işi, şol sanda Döwlet etalon merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ony häzirki zaman tehnologiýalary we ölçeýji serişdeler bilen enjamlaşdyrmak, bu ulgamda kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen ykdysadyýetiniň hemme pudaklarynda ulanylýan ölçegleriň ýeke-täk ulgamyny üpjün etmegiň bu Merkeziň baş wezipeleriniň biridigini belledi. Öndürilýän önümleriň we harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň hem-de hyzmatlaryň hiliniň we howpsuzlygynyň barlanylyşynyň dünýä tejribesinde umumy kabul edilen hil ölçeglerine laýyk gelmelidigi nygtaldy.

Soňky habarlar
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
19.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
19.07
Täze tebigy gaz akymy alyndy
18.07
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
top-arrow