Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşar
Ykdysadyýet
Türkmenistan «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşar
Çap edildi 12.01.2018
1957

Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer O.Gurbannazarowyň habar berşi ýaly, 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreli aralygynda “Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris” atly mowzuk bilen geçiriljek dünýä derejesindäki gözden geçirilişde milli sergimiz guralar. Ony taýýarlamak üçin «EKSPO-2020»-niň guramaçylyk komiteti bilen gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow EKSPO gatnaşmagyň dünýä bileleşigine Türkmenistanyň gazanýan döwrebap üstünliklerini görkezmäge, ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryny ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän maksatnamalar, türkmen halkynyň baý medeni-mirasy bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini hem-de ýurdumyzyň tehnologiýalarynyň, ylmyň işläp taýýarlamalarynyň, harytlarynyň we hyzmatlarynyň daşarky bazarda öňe ilerlemegini üpjün etjekdigini belledi. Milli Liderimiz “EKSPO-2020”-niň täze gatnaşyklary ýola goýmak, dürli ulgamlarda tejribe alyşmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin netijeli çäredigini nygtady.

Soňky habarlar
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
19.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
19.07
Täze tebigy gaz akymy alyndy
18.07
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
top-arrow