Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Owadendepede aýna kärhanasyny açmaga taýýarlyk görülýär
Ykdysadyýet
Owadendepede aýna kärhanasyny açmaga taýýarlyk görülýär
Çap edildi 12.01.2018
1880

12-nji ýanwarda geçirilen Hökümetiň mejlisinde wise-premýer M.Aýdogdyýew Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynda «Türkmen aýna önümleri» täze kärhanasyny işe girizmäge taýýarlyk görlüşiniň barşy barada hasabat berdi. Bu desga daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde amala aşyryldy. Ol dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden getirilen enjamlar bilen üpjün edildi. Kärhana gurluşyk aýnalarynyň dürli görnüşlerini hem-de dürli görnüşli çüýşe gaplaryny öndürmäge mümkinçilik berýär. Aýna önümçiligi ulgamynda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen, türkmen hünärmenleri degişli okuwy geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiýaly öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap senagat desgalarynyň işe girizilmegi bilen, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary, şol sanda gurluşyk serişdeleri, ýerli çig malyň esasynda dürli aýna önümlerini öndürmek ýaly geljegi uly ugurlar ep-esli ösdürilýär. Täze kärhananyň açylmagy ýurdumyzyň içerki bazaryny özümizde öndürilen ýokary hilli önümlere bolan islegleri has doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.

Soňky habarlar
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
19.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
19.07
Täze tebigy gaz akymy alyndy
18.07
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
top-arrow