Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň DHÇMB söwdalarynda pagta önümleri öňdeligi eýeledi
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň DHÇMB söwdalarynda pagta önümleri öňdeligi eýeledi
Çap edildi 20.01.2018
1892

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Litwadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler arassalanan pagta ýagyna, nah ýüplüge we aşgarlanmadyk mata isleg bildirdiler. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 242 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Niderlandlaryň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 16 million 494 müň manatdan gowrak zynjyrly ekskawatorlary, şeýle hem arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 50 müň manatdan gowrak nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Soňky habarlar
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
19.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
19.07
Täze tebigy gaz akymy alyndy
18.07
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
top-arrow