Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabatda senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi geçiriler
Ykdysadyýet
Aşgabatda senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi geçiriler
Çap edildi 19.01.2018
1932

31-nji ýanwar – 2-nji fewral aralygynda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi geçiriler. Häzirki wagtda gözden geçirilişe daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň kärhanalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşmaga isleg bildirdiler. Sergide tehnologiki enjamlar, gurluşyk serişdeleri, himiýa, energetika, nebitgaz senagaty hem-de azyk kärhanalary üçin awtoulag we tehniki serişdeler görkeziler. Durmuş tehnikasyny, dokma senagaty, saglygy goraýyş ulgamy üçin enjamlary öndürýän kompaniýalar hem-de ylym we kosmos tehnologiýalary, ulag we logistika pudaklarynda işleýän, söwda hyzmatlaryny hem-de maslahatlary berýän kärhanalar öz gazananlaryny hödürlärler. Halkara sergi innowasiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak babatda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de tejribe alyşmaga ýardam eder.

Soňky habarlar
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
19.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
19.07
Täze tebigy gaz akymy alyndy
18.07
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
top-arrow