Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Mary welaýatynyň Wekilbazar etraby - 2017-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap pul baýragyny alar
Ykdysadyýet
Mary welaýatynyň Wekilbazar etraby - 2017-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap pul baýragyny alar
Çap edildi 26.01.2018
2583

26-njy ýanwarda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň iň gowy etraby diýen at ugrundaky milli bäsleşigiň jemleri yglan edildi Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýolbaşçylyk edýän ýörite topary bäsleşigiň netijelerini jemlände, Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, däne we pagta ýygnap almak boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini, ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalaryň ulanylmaga berlişi ýaly görkezijileri göz öňünde tutdy. Şeýle hem ilaty iş bilen üpjün etmek, ekologiýa howpsuzlygy, ilatyň medeni dynç alşy hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekilmegi, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ýaly ugurlara üns berildi. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň beren maglumatlarynyň seljerilmegini, şeýle hem bilermenleriň bahalaryny nazara almak bilen, ilki bilen her welaýatda iň ýokary netijeleri gazanan etrap ýa-da etrap hukukly şäher kesgitlenildi, soňra welaýat tapgyrynyň ýeňijileriniň arasynda 2017-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby saýlanyp alyndy. Netijede, Mary welaýatynyň Wekilbazar etraby ýeňiji boldy. Türkmenistanyň Prezidenti habary diňläp hem-de bäsleşigiň ýeňijilerini gutlap, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak baradaky Buýruga gol çekdi. Türkmenistanyň Merkezi banky görkezilen pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp bermäge borçly edildi.

Soňky habarlar
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
19.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
19.07
Täze tebigy gaz akymy alyndy
18.07
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
top-arrow