Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 21.04.2018
2067

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň jemi 134-e deň boldy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan, Owganystandan, Panamadan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen we umumy bahasy ABŞ-nyň 107 million dollaryndan gowrak bolan uçar kerosinini, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, nebit bitumyny, parafinli gaçy satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakum gaz ýagyny BAE-den we Lýuksemburgdan gelen telekeçiler, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen hlorly magnini bolsa Özbegistandan gelen işewürler satyn aldylar. Russiýaly, türkiýeli we gyrgyzystanly telekeçiler nah ýüplügini satyn almaga isleg bildirdiler. Milli manada Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan we Pakistandan gelen telekeçiler jemi bahasy 12 million manada golaý bolan pagtanyň çig ýagly kislotasyny we nah ýüplük satyn aldylar.

Soňky habarlar
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
19.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
19.07
Täze tebigy gaz akymy alyndy
18.07
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
18.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
17.07
Ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip
top-arrow