Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habar 22-nji Iýul
Resmi
Resmi habar 22-nji Iýul
Çap edildi 22.07.2015
2098

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, podpolkownik Mamowow Döwletgeldi Amangulyýewiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin, 2015 ýylyň 26-27-nji iýulynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde, şeýle hem Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere gatnaşmak üçin 2015-nji ýylyň 27-28-nji iýulynda Owgynastan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherinde gulluk iş saparlarynda bolar.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow