Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 19.05.2018
1734

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler we beýlekiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we polipropileni satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen (“Türkmengaz” DK) awtobenzini, şeýle hem tehniki kükürdi satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Rusiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Ukrainadan gelen telekeçiler nah ýüplük, portlandsement satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 41 million 36 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Türkiýeden gelen işewür toparlaryň wekilleri umumy bahasy 5 million manat bolan nah ýüplükleri satyn aldylar.

Soňky habarlar
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
19.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
19.07
Täze tebigy gaz akymy alyndy
18.07
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
18.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
17.07
Ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip
top-arrow