Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensiniň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY
Resmi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensiniň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY
Çap edildi 04.05.2015
1615

Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensiniň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 3-4-nji maýy aralygyndaky döwürde Italiýa Respublikasyna resmi sapary amala aşyrdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedow hem-de Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri M.Rensi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem-de halkara gün tertibiniň örän möhüm meseleleri boýunça dostlukly we işjeň ýagdaýda pikir alyşdylar. Olar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze oňyn depginler bilen ösýändigini bellediler hem-de bu gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, söwda we maýa goýumlary babatda ähli mümkinçilikleri peýdalanmagyň, şeýle hem hyzmatdaşlyk we bilelikdäki kärhanalar üçin täze ugurlary öwrenmegiň zerurdygyny nygtadylar. Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri şu ýylyň ahyryna çenli Rimde Türkmenistanyň Ilçihanasyny açmak barada Türkmenistanyň Prezidentiniň beýannamasyny goldady. Ýolbaşçylar energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň toplanan tejribesini kanagatlanmak bilen bellediler we bu hyzmatdaşlygy öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda giňeltmäge çalyşýandyklaryny beýan etdiler. Baştutanlar üpjünçilik ulgamlary we ulag, şeýle hem agroazyk senagatynda hyzmatdaşlyk etmegiň innowasion ýollary babatda we syýahatçylyk babatda pudaklaýyn guramalary çekmek bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikleri ýüze çykarmagy ylalaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedow we Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri M.Rensi Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň arasynda özara bilimleri we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşýan medeniýet babatda alyşmagyň möhümdigini bellediler. Ýolbaşçylar saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary netijeli ösdürmegiň goşmaça tassyklanmasy bolup durýan, salgyt meseleleri boýunça maglumatlary alyşmak baradaky hökümetara ylalaşyga, ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky ähtnama, ylym babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama hem-de daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekilmegini makulladylar. Halkara meseleleri boýunça ählumumy howplara, şol sanda energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de iki döwletiň gatnaşýan beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etmegiň zerurdygyny bellediler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edendigi üçin Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensä minnetdarlyk bildirdi hem-de ony Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Rim, 2015-nji ýylyň 4-nji maýy.

Soňky habarlar
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistan ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ilerledýär
13.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
13.11
Türkmenistanda Niger Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
13.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow