Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 09.06.2018
1656

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny we nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Şweýsariýaly telekeçiler bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamidi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Ermenistandan, Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna elektron we kompýuter enjamlaryny, nah ýüplügi, portlandsementi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 96 million 43 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 12 million 91 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Soňky habarlar
19.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
19.07
Täze tebigy gaz akymy alyndy
18.07
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
18.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
17.07
Ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip
16.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
16.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
16.07
Halklary ýakynlaşdyrýan köpri
15.07
Döredijilik we ösüş ýoly bilen belent sepgitlere tarap
top-arrow