Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Galla oragynyň depginleri: Lebap welaýaty
Ykdysadyýet
Galla oragynyň depginleri: Lebap welaýaty
Çap edildi 18.06.2018
1797

Beýleki ähli welaýatlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň gündogar sebitinde hem galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Lebap welaýatynyň iri etraby bolan Çärjew etrabynyň gallaçylary we mehanizatorlary oňat netije gazanýarlar. Şu ýyl olar kabul ediş bölümlerine 60 müň tonnadan gowrak däne tabşyrmagy borç edindiler. Şu güne çenli çärjewli gallaçylar bugdaý taýýarlamak boýunça döwlet tabşyrygyny 75 göterime golaý berjaý etdiler. Öňde barýan üç etrabyň hatarynda meýilnamanyň 70 göterimini ýerine ýetiren Farap etrabynyň hem-de 65 göterimini berjaý eden Darganata etrabynyň gallaçylary hem bar. Welaýatyň daýhan birleşikleriniň arasynda Darganata etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçylary döwlet tabşyrygyny ilkinji bolup berjaý etdiler we galla oragyny guramaçylykly dowam edýärler. Tutuş welaýat boýunça eýýäm kärendeçiler toparlarynyň onlarçasy şertnamalaýyn borçnamalaryna amal etdiler. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçýän şu ýyl lebaplylar Watan harmanyna 350 müň tonna bugdaý tabşyrmaga borçlandylar. Möwsümiň başyndan bäri kabul ediş bölümlerine 180 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryldy. Welaýatyň öňdebaryjy kärendeçileriniň ýüzlerçesi öz ekin meýdanlarynda galla oragyny tamamlap, her gektardan 40 — 60 sentner we ondan hem köp bugdaý hasylyny aldylar, däne öndürmek boýunça borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şolaryň hatarynda her gektardan 60 sentnerden gowrak hasyl almagy başaran Dänew etrabyndan Ý.Rahmankulyýew, Çärjew etrabyndan G.Bazarowa we köp sanly beýlekiler bar, olar bol hasyl ýetişdirip, şu möwsümde ýokary netije gazandylar. Hasylyň ep-esli bölegi Amyderýanyň sag kenarynda özleşdirilen tarp ýerlerde ýetişdirildi. Hasyly ýygnamak üçin şu günler 360 galla orujy kombaýn işledilýär, şunda orak wagtynda we hasyl kabul ediş bölümlerine eltilende, galla ammarlarda saklanylýan wagty ýitginiň öňüniň alynmagyna aýratyn üns berilýär. Munuň üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ygtybarly azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýadawsyz tagallalary netijesinde ähli şertler döredildi. Soňky ýyllarda welaýatda göwnejaý enjamlaşdyrylan, häzirki zaman, kuwwatly galla saklanylýan ammarlar, döwrebap elewatorlar, şeýle hem gök ekinleri, miwe we bakja önümlerini uzak wagtlap ter görnüşinde saklamak üçin sowadyjy toplumlar ulanmaga berildi.

Soňky habarlar
18.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
17.07
Ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip
16.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
16.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
16.07
Halklary ýakynlaşdyrýan köpri
15.07
Döredijilik we ösüş ýoly bilen belent sepgitlere tarap
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
top-arrow