Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Galla oragynyň depginleri: Balkan welaýaty
Ykdysadyýet
Galla oragynyň depginleri: Balkan welaýaty
Çap edildi 21.06.2018
1904

13-nji iýunda galla oragyna goşulan Balkan welaýatynda häzire çenli gallanyň 33 müň 500 tonnadan gowragy oruldy, dänelik ekin üçin bölünip berlen oba hojalyk ýerleriniň dörtden üç böleginden gowragy ýygnaldy. Bu ýerde bugdaý ekilen meýdan 57 müň gektar ýeri eýeleýär. Şu ýyl günbatar sebitiň gallaçylary dänäniň 120 müň tonnasyny ýygnamaga borçlandylar. Oragyň gyzgalaňly döwründe meýdanlara kuwwatly kombaýnlaryň 152-si çykaryldy. Iki tapgyrda alnyp barylýan orakda her maşynyň öndürijiligi orulan meýdanyň 26 gektaryna baryp ýetýär. Her gije-gündizde dänäniň arassa agramynda 3 müň 500 tonnasy taýýarlanýar. “Gurat tehnika —üstünligiň girewi” diýip daýhanlar tötänden aýtmaýar. Mahlasy, ABŞ-dan we Germaniýadan satyn alnan kuwwatly we ýokary öndürijilikli “John Deere” we “CLAAS” kombaýnlary dolandyrmakdan amatlylygy bilen tapawutlanýarlar, bu bolsa oragyň ýeňil bolmadyk şertlerinde örän wajypdyr. Bugdaý hasylynyň agramly bölegi Garagum derýasy bilen suwarylýan ýerlerde ýetişdirildi. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, Serdar etrabynyň gallaçylary öňde barýarlar. Olar Watan harmanyna dänäniň 16 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Ikinji ýerde oba hojalyk ýerleriniň meýdany hem-de taýýarlanan dänäniň möçberleri boýunça Bereket etraby barýar, onuň hasabynda 12 müň 700 tonna bugdaý bar. Şeýle hem uly bolmadyk meýdanlar Etrek we Esenguly etraplarynda 3 müň gektardan, Magtymguly etrabynda bolsa 3 müň 700 gektardan ybarat meýdana däne ekildi. Oragyň barşy boýunça eýýäm iň gowy netijeleri gazanan kärendeçiler kesgitlendi. Ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda bolşy ýaly, sebitde galla orak möwsüminiň iş merkezi hereket edýär, onuň işi oragyň iş depginini üpjün etmäge gönükdirilendir. Dänäniň gowy bişen ýerini kesgitlemek, tehnikany netijeli peýdalanmak, hatda olary dänesi orlan meýdanlardan täze meýdanlara geçirip, galla oragynyň depginlerini üpjün etmek ýaly, meseleleri çözmeli bolýar. Tehnikalar ýangyç bilen bökdençsiz üpjün edilmelidir, dänäni elewatorlara daşaýan ýük awtoulaglarynyň iş tertibi takyk sazlanmalydyr. Bu işde ähli zatlary nazara almaly bolýar. Galla oragy — köpçülikleýin iş bolup, oňa gatnaşýanlaryň özara hereketleriniň näderejede takyk ýola goýulmagyna köp zat bagly bolup durýar. Meýdanlardan gelýän hoş habarlaryň, oragyň görkezijileriniň aňyrsynda daýhanlaryň, mehanizatorlaryň, abatlaýjylaryň, sürüjileriň müňlerçesiniň zähmeti durýar. Şu möwsümiň netijeleri azyk bolçulygyny üpjün etmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri çözmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar.

Soňky habarlar
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
26.10
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
26.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.10
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
25.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
24.10
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
top-arrow