Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 23.06.2018
1475

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, BAE-den, Özbegistandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna portlandsement, reňksiz aýna, nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 670 müň dollaryna golaý boldy. Manat serişdelerine Russiýanyň, Türkiýäniň, BAE-niň Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi 5 million manatlykdan gowrak dokma önümlerini, buýan köküniň erginini, nah ýüplügi we matany satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 374 müň 500 manatlyk polipropilen plýonkasyny satyn aldylar.

Soňky habarlar
14.01
Ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip
13.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
13.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
12.01
Täze, döwrebap tehnikalar gelip gowuşdy
12.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak boldy
11.01
Innowasiýalar — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň we abadançylygynyň möhüm şerti
11.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
09.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow