Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 28-nji Mart
Resmi
Resmi habarlar 28-nji Mart
Çap edildi 28.03.2015
2007

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün paýtagtymyzda geçirilen ýurdumyzyň ýaşlarynyň «Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar» atly maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenme ýollady. Onda hususan-da, şeýle diýilýär: Berkarar döwletimiziň ruhubelent we bagtyýar ýaşlary! Beýik geljegimiz bolan ýigitler we gyzlar! Ynsanperwer ýörelgelerimiziň giňden dabaralanýan, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk garaýyşlarymyzyň hem-de meýillerimiziň has-da rowaçlanýan Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň şanly wakasy - Türkmenistanyň Ýaşlarynyň maslahatynyň açylmagy mynasybetli kalbynda berkarar döwletimize buýsanç duýgulary joş urýan bagtyýar ýaşlarymyz! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda mähriban ýaşlarymyzyň agzybirlik we ruhubelentlik bilen amala aşyrýan beýik işlerinde siziň aýratyn paýyňyz bardyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň in täze taryhynda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, dostlugy we hoşniýetliligi ýörelge eden ýaşlarymyzyň başlangyçlary esasynda geçirilýän bu maslahat barha kämilleşýän we özgerýän jemgyýetimiziň demokratik ýörelgelerini hem-de milli agzybirligimizi berkitmegiň ýolundaky oňyn ädimdir. Men bütin durky bilen Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi we dostlugy özlerine ýörelge edinen mähirli we göwnaçyk ýaşlarymyzyň döwletimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşýandyklaryny, çuňňur taryhy ähmiýetli jemgyýetçilik başlangyçlaryny doly goldaýaryn hem-de bu başlangyçlara ýokary baha berýärin. Bu maslahatyň ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini, zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam edýän häzirki nesilleriň beýik geljegi gurmakda, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltmekde uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn. Eziz ýaşlar! Türkmenistanyň beýik geljegi ýaşlarymyzyň bagtyýarlygy we kadaly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty kabul edilen we hereket edýän milli kanunçylyk namalaryna we ýaşlara niýetlenen ýörite ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlarymyzyň doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmek hem-de ýaş nesillerde ruhy-ahlak we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek maksadyndan ugur alyp, golaýda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» kabul etdik. Maksatnamada ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, milli däp-dessurlary wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmete söýgini terbiýelemek, döwlet we jemgyýetçilik bähbitleri bilen ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny utgaşdyrmak, olaryň jemgyýetçilik we şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek, ýaşlar toparlarynyň isleglerini öwrenmek, hasaba almak we olary kanagatlandyrmak ýaly, döwletimiz hem-de jemgyýetçilik üçin örän möhüm wezipeleri çözmek göz öňünde tutulýar. Watanymyzyň geljegi bolan gurujy we dörediji mähriban ýaşlar! Goý, nesilleriň arasyndaky üznüksizligi üpjün edýän halallyk, arassalyk, kalby päklik, zähmetsöýüjilik we watansöýüjilik durmuşda ýaşlarymyzyň baş ýörelgesi bolsun! Türkmenistanyň ýaşlarynyň öz borjuny berjaý etmek üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerjekdigine, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişjekdigine, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdigine berk ynanýaryn.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow