Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 20-nji Mart
Resmi
Resmi habarlar 20-nji Mart
Çap edildi 20.03.2015
2230

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine Balkan we Mary welaýatlarynyň daýhan birleşiklerinde önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow