Baş sahypa
\
Resmi
\
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti doktor jenap Hasan Ruhaniniň Türkmenistana döwlet saparynyň jemleri boýunça BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
Resmi
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti doktor jenap Hasan Ruhaniniň Türkmenistana döwlet saparynyň jemleri boýunça BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
Çap edildi 11.03.2015
1617

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak we pugtalandyrmak maksady bilen, Onuň Alyhezreti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti doktor jenap Hasan Ruhani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi çagyrmagy boýunça ýokary derejeli syýasy, ykdysady we medeni wekiliýete baştutanlyk edip, 2015-nji ýylyň 11-nji martynda (1393-nji hijri şemsi ýylynyň 20-nji esfandyna gabat gelýär) Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti we onuň ýany bilen gelen wekiliýet ýokary döwlet derejesinde kabul edildi. Bu duşuşyk iki goňşy döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejede ösendigini görkezdi. Döwletleriň Prezidentleri ýürekdeş ýagdaýda geçen ikitaraplaýyn duşuşygyň dowamynda özara gatnaşyklara hem-de sebit we halkara ýagdaýlaryna degişli meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşdylar we beýan edilen ugurlar boýunça umumy garaýyşlarynyň bardygyny nygtadylar. Döwlet Baştutanlary iki ýurduň halklarynyň arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklara ünsi çekmek we bu gatnaşyklary ösdürmek hem-de çuňlaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga erk-islegini beýan etdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň derejesinden we saparyň çäklerinde gol çekilen resminamalardan kanagatlanma bildirdiler. Şeýle hem, ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň we syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni, sungat, sport, syýahatçylyk we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesi hem-de iki ýurduň umumy bähbitleri esasynda ösdürmegiň ähmiýetini nygtadylar. Taraplar energetika, üpjünçilik ulgamlaryndaky, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy we maldarçylyk, nebitgaz pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň we bu ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň zerurdygyny, şunuň bilen baglylykda hususy pudagyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde hem-de amatly ýagdaýyň we şertleriň döredilmeginde mundan beýläk-de has netijeli işlemeginiň möhümdigini nygtadylar. Iki ýurduň Baştutanlary 2015-nji ýylyň 25-27-nji fewraly aralygynda (1393-nji ýylyň 6-8-nji esfandyna gabat gelýär) Aşgabatda geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň X ýöriteleşdirilen sergisiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň hormatly Prezidentiniň Türkmenistana häzirki döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen bilelikdäki Türkmen-eýran işewürler maslahatynyň özara gatnaşyklary ösdürmäge oňyn goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler hem-de özara söwda, ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, iki ýurduň çäklerinde döwlet we hususy pudaklaryň arasynda işewürlik maslahatlaryny geçirmegi dowam etmek barada ylalaşdylar. Taraplar iki ýurduň uly ykdysady mümkinçiliklerini, şol sanda ulag ulgamyndaky mümkinçiliklerini belläp geçmek bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky demir ýoluň 2014-nji ýylyň dekabr aýynda (1392-nji ýylyň azär aýynda) bolan dabaraly açylyşyny belläp geçdiler hem-de iki ýurduň gatnaşmagy bilen şuňa meňzeş beýleki bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň, şeýle hem agzalan demir ýoluň we Türkmenistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Oman Soltanlygynyň arasyndaky ulag geçelgesiniň özüne çekijiligini artdyrmaga gönükdirilen çäreleriň amala aşyrmagyny tizleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Döwletleriň Baştutanlary bilelikdäki medeni miras boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny nygtap, syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolandygyny ykrar edip, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ýollaryny seljerdiler. Döwletleriň Baştutanlary iki ýurduň howa ulaglary gulluklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we dürli şäherleriniň arasynda yzygiderli uçar gatnawlaryny ýola goýmak maksady bilen, gatnaşyklary işjeňleşdirmegi tabşyrdylar. Taraplar Hazarýaka döwletleriniň, şol sanda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hazar deňzini parahatçylygyň we dostlugyň deňzi hökmünde gorap saklamak ugrundaky tagallalaryny we oňa degişli ähli meseleler boýunça kenarýaka ýurtlaryň ählisiniň bu deňizden deňhukukly peýdalanmaklaryna gönükdirilen çözgüdiň gazanylmagyny goldaýandyklaryny beýan etdiler. Iki ýurduň Baştutanlary sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary seljermek hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkarar edilmegi ugrundaky tagallalaryň birleşdirilmeginiň hem-de sebitiň käbir ýurtlarynda bar bolan içki gapma-garşylyklary çözmegiň halkara hukugynyň ykrar edilen kadalaryna esaslanýan syýasy usullaryny tapmagyň we dowam edýän gapma-garşylygyň öňüni almagyň zerurdygyny nygtadylar. Taraplar sebitde ekstremizmiň, agressiýanyň, milletara we dini agzalalyklaryň artmagy netijesinde döreýän howplary halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna abanýan düýpli wehimleriň biri hökmünde bellediler hem-de ekstremizme we agressiýa garşy göreşmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän başlangyçlary goldadylar. Iki döwletiň Prezidentleri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň başlangyjy bilen 2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde kabul edilen A/RES/68/127 belgili «Dünýä zorluga we zorlukly ekstremizme garşy» (WAVE) atly Rezolýusiýanyň ähmiýetini tassykladylar. Iki ýurduň Baştutanlary Türkmenistanyň daşary syýasatynyň baş şygaryny, esasyny we strategiýasyny düzýän bitaraplyk syýasaty barada durup geçdiler. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti jenap Hasan Ruhani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygyny kabul etdi. Iki ýurduň Baştutanlary ýaraglaryň we neşeleriň bikanun dolanyşygynyň, adam söwdasynyň, bikanun migrasiýanyň we guramaçylykly jenaýatçylygyň öňüni almak boýunça ikitaraplaýyn, sebit we halkara derejesindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar. Taraplar halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň, Goşulmazlyk hereketiniň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň we beýleki guramalaryň hem-de maslahatlaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy we geňeşmeleri pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler. Taraplar saparyň çäklerinde gol çekilen ylalaşyklardan kanagatlanýandyklaryny we bu resminamalaryň ýerine ýetirilişine iki ýurduň degişli ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan yzygiderli seredilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Onuň Alyhezreti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti jenap Hasan Ruhani Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýranyň wekiliýetini mähirli kabul edendigi we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdi we ony Eýran Yslam Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar boýunça ylalaşylar.

Soňky habarlar
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistan ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ilerledýär
13.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
13.11
Türkmenistanda Niger Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
13.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
top-arrow