Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 3-4-nji marty aralygynda Türkiýe Respublikasynda resmi sapar bilen boldy. Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti (mundan beýläk Taraplar) özara düşünişmek we ýokary derejede ynanyşmak ýagdaýynda dürli ugurlarda alnyp barylýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýagdaýyny we bu gatnaşyklary depginli ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, möhüm sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar, iki döwletiň arasynda uzak möhletli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny tassykladylar. Taraplar umumy kabul edilen halkara hukuk kadalaryna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda, şeýle hem halkara parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamak we üpjün etmek ugrundaky ähli meseleleri çözmek nukdaýnazaryndan Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny güýçlendirmek pikirine ygrarlydyklaryny beýan etdiler. Taraplar halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny we dalaşgärliklerini goldamak däbini dowam etdirmek hem-de halkara gatnaşyklarda adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça umumy garaýyşlaryny tassykladylar. Taraplar iki ýurduň ähli derejelerdäki wekiliýetleriniň yzygiderli saparlaryny we maslahatlaşmalaryny geçirmek, şol sanda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri dowam etmegi ylalaşdylar. Taraplar Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň usulynyň ähmiýetini nygtap, 2015-nji ýylda Türkmenistanda üç döwletiň Prezidentleriniň ýokary derejedäki duşuşygynyň geçirilmegine kanagatlanma bildirdiler. Taraplar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar, muňa saparyň barşynda gol çekilen we dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalaryň goşant goşjakdygyny bellediler. Taraplar ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi hakynda pikir alyşmak bilen, geçen döwrüň içinde bilelikde edilen işleriň örän uly anyk netijeleri gazanmaga mümkinçilik berendigi barada kanagatlanma bildirdiler. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda syýasy gatnaşyklaryň çuňlaşandygyny, söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalanandygyny nygtadylar. Taraplar ykdysady we söwda meselelerinde esasy gural bolup durýan Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işini has-da işjeňleşdirmegiň, bu ugurda yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň hem-de kabul edilen kararlary ýerine ýetirmegiň ähmiýeti barada durup geçdiler. Taraplar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky oňyn söwda we ykdysady ösüşi bellemek bilen, bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy has ýokary derejä ýetirmegiň ähmiýetini nygtadylar we iki ýurduň arasynda bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlykdan kanagatlanma bildirdiler. Iki ýurduň döwlet we hususy hojalygy ýöredijileriniň arasyndaky göni gatnaşyklary giňeltmegiň we yzygiderli maglumat alyşmagyň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler. Taraplar iki ýurduň hususy pudaklarynyň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkiýäniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekilendiginden kanagatlanma bildirdiler. Taraplar kiçi we orta telekeçiligi senagat we ykdysady taýdan ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, Türkmenistanda we Türkiýe Respublikasynda durmuşa geçirilýän kiçi we orta telekeçilik baradaky syýasata we bu işe goldaw bermek boýunça gurallara baha bermek, tejribe we maglumat alyşmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin iki ýurduň kiçi we orta telekeçilige degişli edaralarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň peýdaly boljakdygyny nygtadylar. Taraplar ýokarda görkezilen ykdysady hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça alyp barmagyň we ösdürmegiň zerurdygyny bellediler. Maýa goýumlaryny höweslendirmegiň hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň we bilelikdäki senagat we üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny amala aşyrmagyň hem hyzmatdaşlygyň çäklerine girýändigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Taraplar iki ýurduň arasynda 1992-nji ýylda gol çekilen, Maýa goýumlaryny özara höweslendirmek we goramak baradaky Ylalaşygy täzelemek boýunça netijeli gepleşikleri çaltlandyrmagy maksadalaýyk hasap etdiler. Taraplar ykdysady we söwda gatnaşyklaryny has-da güýçlendirmek we ösdürmek üçin ulag ulgamlary, ýükleri daşamak babatda we şunuň bilen bagly beýleki ugurlarda edilmeli işlere ünsi çekip, umumy garaýyşlaryň çäklerinde bu ugurlarda öňegidişlik gazanmak üçin hyzmatdaşlyk etmek barada karara geldiler. Taraplar awtomobil ýollaryndan we demir ýollardan başga-da deňiz ýoly arkaly ýükleriň daşalýan möçberlerini artdyrmagyň zerurdygyny beýan edip, Hazar deňzindäki portlaryň göwrümini, üpjünçilik ulgamyny we logistiki mümkinçiliklerini artdyrmak, şeýlelikde, Hazar deňziniň üsti bilen köpugurly ýük gatnawlaryny ýola goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn işleri dowam etdirmek hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmek barada karara geldiler. Taraplar ulag boýunça gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy arkaly BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýanyň ähmiýetini nygtap geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Taraplar saparyň dowamynda Ýükleriň halkara utgaşdyrylan gatnatmalary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Ylalaşygyň ähmiýetini belläp geçdiler. Taraplar ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we iki ýurduň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak üçin «Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan Respublikasy – Gruziýa – Türkiýe Respublikasy» ulag geçelgesini döretmek meselesine seretdiler. Taraplar ylym we tehnologiýalar ulgamynda özara bähbitleriň esasynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu ugurda iki ýurduň ylmy merkezleriniň we alymlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň peýdaly boljakdygyny nygtadylar. Taraplar türkmen tebigy gazyny dürli ugurlar boýunça dünýä bazaryna ibermek meselesinde bilelikdäki işleri dowam etdirmek we şu ugurda gazanyljak özara ylalaşygyň çäklerinde anyk energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek barada karara gelendiklerini beýan etdiler. Taraplar energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen birlikde, iki ýurduň halkara başlangyçlaryny goldaýandyklaryny mälim edip, türkmen tebigy gazyny dürli ugurlarda dünýä bazaryna ibermek boýunça iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada öň gol çekilen ylalaşyklary durmuşa geçirmekden başga-da, bu ugurda özara bähbitli esasda bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardyklaryny nygtadylar. Taraplar iki ýurduň energetika pudagyna bilelikde maýa goýmak bilen bagly işlere başlamak baradaky meýillerini hem beýan etdiler. Taraplar türkmen we türk halklarynyň arasynda özara düşünişmäge we ynanyşmagy güýçlendirmäge ýardam berýän bilim, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlaryndaky gatnaşyklary hem-de zähmet we durmuş üpjünçiligi babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini belläp geçdiler. Taraplar terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň bikanun söwdasyna hem-de serhetüsti wehimlere we howplara garşy göreşmek boýunça tagallalary utgaşdyrmagy dowam etdirmegiň we şu meselelerde sebitleýin we halkara guramalaryň hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini nygtadylar. Taraplar BMG-niň çäklerinde öňe sürlen Medeni ösüşleriň birligi atly başlangyç esasynda medeniýet boýunça özara düşünişmäni güýçlendirmek we birek-birege hormat goýmak ýagdaýyny döretmek maksady bilen, alnyp barylýan utgaşykly işleri dowam etdirjekdiklerini we Birligiň 2016-njy ýylda Baku şäherinde 7-nji Bütindünýä maslahatyny üstünlikli geçirmek üçin hyzmatdaşlyk etjekdiklerini bellediler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we ähli türk halkyna minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar boýunça ylalaşylar. Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Rejep Taýyp ÄRDOGAN. Ankara, 2015-nji ýylyň 3-nji marty.