Baş sahypa
\
Resmi
\
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Resmi
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Çap edildi 04.02.2015
2363

Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk meseleleri hakynda Ilatyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherçeleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talabyna laýyk gelýän döwrebap iri şäherçeler, ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary, häzirki zaman, döwrebap mekdepler we çagalar baglary, medeniýet edaralary, sport toplumlary, ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş edaralary we durmuş maksatly beýleki desgalar gurulýar. Ýurdumyzyň şäherleri, şäherçeleri we obalary gün-günden abadanlaşýar we düýpgöter täze keşbe girýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän dolandyryş-çäk özgertmeleriniň çäginde Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Baş meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, ýakyn ýyllarda paýtagtymyzy dünýäniň iň gözel hem-de ösen şäherleriniň birine öwürmek wezipelerinden ugur alyp, şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda, şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalary we desgalary häzirki zaman şäher binagärliginiň talaplaryna görä ýerleşdirmekde amatly şertleri döretmek maksady bilen hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasyna we «Ýerli häkimiýetiň wekilçilikli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r : 1. Aşgabat şäheriniň Arçabil we Çandybil etraplaryny birikdirmeli hem-de bu etraba – Arçabil adyny dakmaly. 2. Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň çäginden 3910 ga ýeri goşunda laýyklykda Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň çägine geçirmeli. 3. Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň Arçabil şäherçesiniň hemişelik ýaşaýan ilatynyň ýoklugy sebäpli onuň şäherçe derejesini ýatyrmaly. 4. Aşgabat şäheriniň Çandybil etrabynyň ýapylandygy sebäpli, bu etrabyň halk maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň halk maslahatynyň düzüminde degişli möhletine saklap galmaly. 5. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugy Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli. 6. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Aşgabat şäheri. 2015-nji ýylyň 3-nji fewraly. № 178-V.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow