Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç Myradow Halkara pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysy we Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merdan Öwezowiç Annadurdyýew Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysynyň orunbasary hem-de Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysynyň orunbasary wezipelerinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy Merdan Öwezowiç Annadurdyew Halkara pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysy we Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjy wezipelerine bellenildi. *** “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli 2015-nji ýylyň “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen bagly meseleler hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 11-nji dekabrynda çykaran 13998-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2015-nji ýylyň “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Maksatnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrliklere we pudak edaralaryna Maksatnamada göz öňünde tutulan dabaralary we çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garagum derýasynyň suwuny rejeli we netijeli peýdalanmak arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň suwa bolan talabyny kanagatlandyrmak, suw hojalygyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ýurdumyzyň suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak we Garagum derýasynyň suw geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilmeli işleriň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy tassyklanyldy. *** “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikasyndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli berjaý etmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, “Türkmenpagta” döwlet konserni, Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlikleri: kärendeçileriň we ýer eýeleriniň hem-de daýhan birleşikleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2015-nji ýylda Türkmenistan boýunça 545 müň gektar meýdanda gowaça ekilmegini we 1 million 50 müň tonna möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmäge; gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýerleşdirmäge borçly edildi. Pagta öndürijiler bilen şertnama baglaşmak esasynda olary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda amatly möhletlerde: “Türkmenpagta” döwlet konsernine – gowaça ekiljek meýdanlaryň ýokary hilli gowaça tohumy bilen; “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigine – ýerleri ekişe taýýarlamak, gowaça ekmek, oňa ideg etmek we pagta ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen; Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligine gowaça meýdanlaryny suwaryş suwy bilen; “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine mineral dökünleriň ýeterlik möçberi bilen üpjün etmek tabşyryldy. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlar boýunça 2015-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine, degişli pudak edaralaryna hem-de welaýatlaryň häkimliklerine oba hojalyk ekinleriniň ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň bol hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi 2015-nji ýylda Türkmenistan boýunça 14 440 gektarda kartoşkany we gök-bakja ekinlerini ekmek hem-de önümleri öndürmek barada daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary, kärendeçiler we ýer eýeleri bilen bellenen tertipde şertnamalaryň baglanyşmagyny we öndürilen önümleriň şertnamalaýyn bahalar boýunça satyn alynmagyny hem-de önüm öndürijiler bilen wagtynda hasaplaşylmagyny üpjün etmäge borçly edildi. Şernama baglaşan önüm öndürijileri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda amatly möhletlerde şertnama esasynda: Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine – kartoşkanyň we gök-bakja önümleriniň ekiljek meýdanlaryny ýokary hilli tohumlar bilen; “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigine – ýerleri ekişe taýýarlamak, ekinleri ekmek, olara ideg etmek we ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen; Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligine—kartoşkanyň we gök-bakja ekinleriniň meýdanlaryny suwaryş suwy bilen; “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine – kartoşkanyň we gök-bakja ekinleriniň meýdanlaryny mineral dökünler bilen üpjün etmek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Býujet kodeksini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň düzgünlerini amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň öz wagtynda durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän,işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Goçyýew Annamuhammet Mätiýewiçe berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän Ministrliginiň işini guramakda kemçiliklere ýol berendigi üçin, Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri Abdylhekimow Wepa Serdarowiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän Ministrliginiň işini guramakda kemçiliklere ýol berendigi üçin, Türkmenistanyň maliýe ministri Muhammedow Muhammetguly Atamuhammedowiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän Ministrliginiň işini guramakda kemçiliklere ýol berendigi üçin, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Şamyradow Bekmyrat Meşrepowiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän Gullugynyň işini guramakda kemçiliklere ýol berendigi üçin Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy Hümmedow Şatlyk Orazgeldiýewiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ýazmyradow Annageldi Orazberdiýewiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň suw hojalyk ministri Taganow Seýitmyrat Eýýämberdiýewiçe berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçililikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet maldarçylyk birleşiginiň başlygy Myradow Amanmuhammet Atageldiýewiçe berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň bilim ministri Mämmedowa Gülşat Sahyýewna berk käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Amannepesow Nurmuhammet Kakabaýewiçe berk käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň häkimi Nurmämmedow Rejepgeldi Meläýewiçe berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni ugurlarda gowy netijeleriň gazanylmagyny hem-de döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 4-nji aprelinde çykaran 6425-nji buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşoguz welaýatynyň Görogly etraby 2014-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we Görogly etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy. Türkmenistanyň Merkezi bankyna pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp bermek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň maýa goýum meýilnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak, 2015-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek, şeýle hem raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, 2015-nji ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna hem-de ulanmaga tabşyrylmagyna degişlilikde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine gözegçilik etmek tabşyryldy. Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrligi iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň hiline gözegçiligi güýçlendirmäge, şeýle hem möhlet tertibine laýyklykda her aýda ulanmaga tabşyryljak binalary hem-de desgalary kesgitläp, olaryň geçiriljek çäreleriň we açyljak medeni-durmuş maksatly binalaryň aýlyk tertibine goşulmagyny üpjün etmäge borçly edildi. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň möhlet tertibine laýyklykda alnyp barlyşy baradaky her aýlyk hasabaty ýöretmek hem-de şol hasabaty degişlilikde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine bermek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, döwletimiziň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen: 2015-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura we doktorantura kabul etmegiň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almagyň möçberleri; 2015-nji ýylda kliniki ordinatura kabul etmegiň möçberleri tassyklanyldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Suw hakyndaky” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna laýyklykda ýurdumyzyň suw serişldelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen, 2015-nji ýylda welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň suwdan peýdalanyjylarynyň suwdan peýdalanmagynyň çäkli möçberleri tassyklanyldy.