Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 31-nji Maý
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 31-nji Maý
Çap edildi 31.05.2015
1648

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, az kükürtli ýakylýan mazudy satyn aldylar. Beýik britaniýaly, singapurly işewürler Seýdiniň nebiti gaýdan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini, Türkiýäniň we Täjigistanyň işewürler toparynyň wekilleri “B” kysymly karbamidi we tehniki polipropilen haltasyny (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplügi, pagta süýümi we pagta şroty ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Singapur, Malta, Owganystan, Gyrgyzystan, Gruziýa we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 51 million 467 müň dollaryndan gowrak boldy. Depozit manat serişdelerine pakistanly işewürler umumy bahasy 476 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
top-arrow