Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 9-nji Maý
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 9-nji Maý
Çap edildi 09.05.2015
1671

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Niderlandlardan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, suwuklandyrylan gazy we polipropileni satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen täjirler dizel ýangyjyny (Seýdiniň NGIZ), Owganystanyň wekilleri bolsa — tehniki kükürdi (“Türkmengaz ” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna taýýar dokma önümleri, arassalanan pagta ýagy, bugdaý uny, nah ýüplügi, pagta süýümi, regenerirlenen süýüm ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Malta, Owganystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 87 million 482 müň dollaryndan gowrak boldy.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
top-arrow