Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy — adam­za­dyň baý­ly­gy
Medeniýet
Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy — adam­za­dyň baý­ly­gy
Çap edildi 30.08.2018
4166

Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let mu­ze­ýin­de hal­ky­my­zyň baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­ny dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne wa­gyz et­me­giň me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan çä­re ge­çi­ril­di. Ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ra ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri, bel­li alym­lar, sun­ga­ty öw­re­ni­ji­ler, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň iş­gär­le­ri hem-de ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar. Olar Ger­ma­ni­ýa­da geç­ýän “Mar­gia­na — Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­dä­ki bü­rünç asy­ry­nyň şa­ly­gy” di­ýen ser­gi üçin ne­mes we türk­men hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan ýö­ri­te taý­ýar­la­ny­lan ne­şir bi­len ta­nyş­dy­lar. Owa­dan fo­toal­bom gör­nüş­inde çy­ka­ry­lyp, yl­my-po­pul­ýar ma­ka­la­lar bi­len ber­len bu giň göw­rüm­li ka­ta­log ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len Mar­gia­na ýur­du­nyň ga­dy­my gym­mat­lyk­la­ry ba­ra­da gür­rüň ber­ýär. Mar­gia­na Ga­dy­my Mü­sür, Hy­taý, Hin­dis­tan we Me­so­po­ta­mi­ýa bi­len bir ha­tar­da, ab­raý­ly alym­la­ryň yk­rar et­me­gi­ne gö­rä, dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň bä­şin­ji mer­ke­zi bo­lup dur­ýar. Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar Mur­gap der­ýa­sy­nyň ug­run­da ýer­le­şen tä­sin ta­ry­hy kün­je­gi öw­ren­mek işin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly go­şan­dy­ny bel­le­di­ler. Çy­kyş eden­ler türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­ny, şöh­rat­ly pe­der­le­ri­mi­ziň asyl­ly däp­le­ri­niň ne­sil­den-nes­le ge­çi­ji­li­gi­ni öw­ren­mä­ge we go­rap sak­la­ma­ga, şeý­le hem ga­dy­my­ýe­tiň çuň­luk­la­ryn­dan bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­ten ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ryna ber­ýän uly ün­si üçin mil­li Li­de­ri­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­ýä­ris di­ýip nyg­ta­dy­lar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy yzy­gi­der­li art­ýar. Şy­ga­ry “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen ýyl­da türk­men we ne­mes bar­lag­çy­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry bi­len iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan ne­şir dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň ösü­şi­ne gym­mat­ly go­şant go­şan ýurt­la­ryň we halk­la­ryň ta­ry­hy bi­len gy­zyk­lan­ýan­la­ryň äh­li­si­ne uly sow­gat bol­dy. Mil­li me­de­ni mi­ra­sy yl­my taý­dan öw­ren­mek we giň­den wa­gyz et­mek üçin onuň uly äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Aja­ýyp be­ze­len ka­ta­log bir­nä­çe de­giş­li bö­lüm­ler­den yba­rat bo­lup, ga­dy­my we kuw­wat­ly Mar­gia­na­nyň dur­mu­şy­nyň dür­li ugur­la­ry­ny yzy­gi­der­li be­ýan ed­ýär, şo­nuň ne­ti­je­sin­de, oky­jy be­ýik türk­men döw­le­ti­niň haý­ran gal­dyr­ýan keş­bi­ni göz öňü­ne ge­tir­ýär. Oky­jy ne­şi­riň sa­hy­pa­la­ry bo­ýun­ça sy­ýa­hat edip, ga­dy­my si­wi­li­za­si­ýa­nyň ta­ry­hy­na ara­la­şyp bi­ler, onuň öz­bo­luş­ly me­de­ni­ýe­ti­ne, aja­ýyp bi­na­gär­li­gi­ne, bi­ziň era­my­za çen­li III-II asyr­la­ryň al­tyn­dan, bü­rünç­den we pi­liň süň­kün­den taý­ýar­la­nan tä­sin önüm­le­ri­ne göz ýe­ti­rer. Ola­ryň kö­pü­si hä­zir Ber­li­niň Tä­ze mu­ze­ýin­de ýaý­baň­la­nan ser­gä gi­ri­zil­di. Güýz­de bol­sa bu ser­gi Ger­ma­ni­ýa­nyň beý­le­ki şä­he­ri bo­lan Gam­bur­ga, on­dan soň bol­sa Man­geým şä­he­ri­ne ge­çer. Mar­gia­na, Mar­guş, Merw — bu at­lar ta­ry­hyň üz­nük­siz ha­tar­la­ry­na gym­mat­ly mon­juk dä­ne­le­ri hök­mün­de dü­zü­len­dir. Olar ga­dy­my türk­men top­ra­gyn­da bo­lup ge­çen hem-de bü­tin dün­ýä tä­sir eden be­ýik wa­ka­lar ba­ra­da­ky ha­ky­da­ny sak­la­ýar. Meş­hur bar­lag­çy­la­ryň ba­ha ber­me­gi­ne gö­rä, belli ar­heo­log Wik­tor Sa­ria­ni­di ta­ra­pyn­dan üsti açy­lan Mar­gia­na­nyň Mü­sür, Me­so­po­ta­mi­ýa, Hy­taý we Hin­dis­tan bi­len deň ha­tar­da ga­dy­my si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň bä­şi­si­niň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek nyg­ta­mak is­le­ýä­ris. Ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len Mar­guş ýur­du­nyň paý­tag­ty Go­ňur­de­pe öz döw­rü­niň iri şä­he­ri bo­lup­dyr, onuň mi­ras­dü­şe­ri Merw bol­sa Gün­do­ga­ryň me­de­ni we yl­my mer­ke­zi hök­mün­de şöh­rat­la­nyp­dyr. Mar­gia­na ba­ra­da­ky il­kin­ji ýa­zuw ýat­la­ma­la­ry zo­roast­ri­ýa­ly­la­ryň “Awes­ta” di­ýen mu­kad­des ki­ta­byn­da sak­lan­ýar hem-de tak­my­nan, bi­ziň era­my­za çen­li VIII — VI asyr­la­ra de­giş­li edil­ýär. Şon­dan soň­ra se­nena­ma­ny dü­zü­ji­ler Ga­dy­my Mer­wi “Ho­ra­sa­nyň şä­her­le­ri­niň ene­si”, “Älem-ja­ha­ny sak­la­ýan şä­her”, “Şa­la­ryň ru­hy” di­ýip at­lan­dy­ryp­dyr­lar. Baý ki­tap­ha­na­la­ry hem-de ki­tap sak­lan­ýan ýer­le­ri bi­len meş­hur bo­lan şä­her­de dür­li dö­wür­ler­de aja­ýyp alym­lar, pel­se­pe­çi­ler we şa­hyr­lar: luk­man­çy­lyk yl­my­nyň esa­sy­ny go­ýan Abu Ali ibn Si­na, şa­hyr hem-de akyl­dar Omar Haý­ýam, ast­ro­nom Ah­mad ibn Ab­dal­lah al-Mer­we­zi, şa­hyr En­we­ri, “söý­gi­niň we gö­zel­li­giň aý­dym­çy­sy” hasaplanýan nusgawy şahyrymyz Mol­la­ne­pes ýa­şap­dyr. Hä­zir Mar­gia­na­nyň meş­hur­ly­gy bü­tin dün­ýä­den bo­lan ta­ry­hy öw­re­ni­ji­le­riň we oňa sar­pa goý­ýan­la­ryň ara­syn­da en­çe­me asyr­ mun­dan öň­dä­ki dö­wür­ler­den pes däl­dir. Şu ýy­lyň ap­re­lin­den okt­ýabr aýy ara­ly­gyn­da Ber­li­niň Tä­ze mu­ze­ýin­de “Mar­gia­na — Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­dä­ki bü­rünç asy­ry­nyň şa­ly­gy” di­ýen ady­bir ser­gi geç­ýär. Ýur­du­my­zyň mu­zeý gym­mat­lyk­la­ryn­dan oňa gi­ri­zi­len eks­po­nat­lar da­şa­ry ýurt­da il­kin­ji ge­zek gör­ke­zil­di. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­me­gi ne­ti­je­sin­de müm­kin bol­dy. Mu­nuň şeý­le bol­ma­gy­na “Mil­li ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­syň goz­gal­ýan gym­mat­lyk­la­ry­ny go­ra­mak, äkit­mek we ge­tir­mek ha­kyn­da” Ka­nu­nyň ka­bul edil­me­gi hem ýar­dam ber­di. Bu Ka­nun iki ýyl­dan gow­rak mun­dan öň güý­je gir­di. Bäş müň ýyl tö­we­re­gi mun­dan ozal türk­men top­ra­gyn­da peý­da bo­lan si­wi­li­za­si­ýa­nyň ösü­şi­niň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne şa­ýat­lyk ed­ýän ga­dy­my gym­mat­lyk­la­ryň ýüz­ler­çe­si­ni özün­de jem­län “Mar­gia­na — Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­dä­ki bü­rünç asy­ry­nyň şa­ly­gy” di­ýen ser­gi türk­men hal­ky­nyň baý dö­re­di­ji­lik däp­le­ri, ga­dym­ky us­sat­la­ryň örän in­çe sun­ga­ty ba­ra­da gür­rüň ber­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy­ny öw­ren­mä­ge, dün­ýä­de mad­dy we ru­hy mi­ra­sy go­rap sak­la­ma­ga hem-de wa­gyz et­mä­ge top­lum­la­ýyn we düýp­li yl­my çe­me­leş­me döw­le­ti­mi­ziň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir. Şun­da mil­le­ti­mi­ziň ba­ha­syna ýetip bolmajak ta­ry­hy-me­de­ni gym­mat­ly­gy­ny sak­laý­jy­lar bo­lan ýur­du­my­zyň mu­zeý­le­ri­ne, iri yl­my mer­kez­le­re aý­ra­tyn orun be­ril­ýär. Hal­ky­my­zyň ga­dy­my, bäş müň­ýyl­lyk ta­ry­hy, onuň öz­bo­luş­ly däp­le­ri, tä­ze eý­ýam­da Türk­me­nis­ta­nyň deň­siz-taý­syz ga­za­nan­la­ry — bu­la­ryň äh­li­si baý mu­zeý gym­mat­lyk­la­ryn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Ýur­du­myz­da “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry bi­len geç­ýän şu ýyl­da gu­ral­ýan bu ser­gi aý­ra­tyn uly äh­mi­ýe­te eýe­dir, ol köp san­ly da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ra ta­ry­hyň ga­dy­my dö­wür­le­rin­de Gün­do­ga­ryň pa­ty­şa­lyk­la­ry­nyň ara­syn­da gat­na­şyk­la­ryň ke­ma­la ge­lip baş­lan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýän ta­ry­hy ta­pyn­dy­lar bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ga­dy­my Mar­gia­na­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len köp ýyl­lyk ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň bar­şyn­da ar­heo­log­lar, hu­su­san-da, W.Sa­ria­ni­di­niň ýol­baş­çy­lyk eden yl­my-bar­lag to­pa­ry­nyň ga­dy­my Mar­gu­şyň çäk­le­rin­de ge­çi­ren ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­ka­ran ta­pyn­dy­la­ry mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­la­ry bol­dy. Ma­tam es­bap­la­ry hem-de bu ga­dy­my ýur­duň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň tä­sin be­zeg şaý-sep­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Daş­dan, me­tal­dan, pil süň­kün­den hem-de pal­çyk­dan ýa­sa­lan hem-de se­net­kär­le­riň we heý­kel­ta­raş­la­ryň ba­şar­nyk­ly el­le­ri bi­len ne­pis kü­lal gap-gaç­la­ry­na öw­rü­len bu ýo­ka­ry çe­per­çi­lik­li gym­mat­lyk­lar hu­daý­la­ryň şe­kil­le­ri­ni eme­le ge­ti­rip, Go­ňu­ryň we beý­le­ki ga­dy­my Mar­gia­na oba­la­ry­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup­dyr. Ga­dy­my dö­wür­ler­de Ýe­riň ga­lyň gat­la­gy­nyň as­tyn­da giz­le­nen bu gymmatly ta­pyn­dy­lar hä­zir Türk­me­nis­ta­nyň mu­zeý­le­ri­niň bir­nä­çe­sin­de sak­la­nyl­ýar. Pa­ty­şa köş­gi hem-de onuň tö­we­re­gin­dä­ki beý­le­ki ke­ra­mat­ly ýer­ler “Ga­dy­my Merw” döw­let ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­sy­nyň des­ga­la­ry­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň, ýur­du­my­zyň Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýi­niň hem-de Ma­ry­nyň ta­ry­hy-ül­kä­ni öw­re­niş mu­ze­ýi­niň ar­heo­lo­gi­ýa top­lum­la­ry dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň iň ga­dy­my ojak­la­ry­nyň bi­rin­de me­de­ni­ýe­tiň we sun­ga­tyň ösüş de­re­je­si ba­ra­da dü­şün­je ber­ýär, ägirt uly Go­ňur­de­pe şä­he­ri­niň ga­lyn­dy­la­ry onuň mer­ke­zi bo­lup­dyr. Du­şu­şyk ta­mam­la­nan­dan soň, oňa gat­na­şy­jy­lar üçin Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let mu­ze­ýi­niň zal­la­ry bo­ýun­ça ge­ze­lenç gu­ral­dy. Ta­nyş­dy­ry­jy­lar bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ry Mar­gia­na­nyň tä­sin ar­heo­lo­gi­ýa ta­pyn­dy­la­ry­nyň top­lu­my: adam­la­ryň, haý­wan­la­ryň şe­kil­jik­le­ri, dür­li mö­hür­ler, Mar­gu­şyň gö­zelleriniň kos­me­ti­ka de­giş­li en­jam­la­ry, al­tyn gap-gaç­lar, be­zeg şaý-sep­ler, mon­juk­lar bi­len ta­nyş et­di­ler. Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni öw­ren­mek we wa­gyz et­mek me­se­le­le­ri­ne ber­ýän ün­si, şeý­le hem pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik hem-de äh­li ýurt­lar we halk­lar bi­len giň hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nýan sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýan­dy­gy üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuň­ňur ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.

Soňky habarlar
21.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
20.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
20.08
«Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
20.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň KARARY
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
20.08
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň KARARY
20.08
Ýaşulularyň baý durmuş tejribesi — jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň esasy
top-arrow