Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 5-nji Aprel
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 5-nji Aprel
Çap edildi 05.04.2015
1610

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Niderlandlardan, Birleşen Arap Emirliklerinden we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we nebit koksuny satyn aldylar. Estoniýaly we owganystanly işewürler suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Daşary ýurt puluna şeýle hem ýük awtoulagy, arassalanan pagta ýagy, nah ýüplügi, nah ýüplügiň galyndylary, süýümli ulýuk satyldy. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Koreýa Respublikasy, Türkiýe, Malta, Täjigistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 20 million 82 müň dollaryndan gowrak boldy. Depozit manat serişdelerine Pakistandan gelen işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 376 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 542 müň manatdan gowrak bolan polipropileni we polimer külkesini (TNGIZT), şeýle hem azyklyk dänäni satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
top-arrow