Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si öz işi­ne baş­la­dy
Ykdysadyýet
Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si öz işi­ne baş­la­dy
Çap edildi 19.09.2018
1907

Paý­tag­ty­myz­da ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si açyl­dy. Däp bo­ýun­ça Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan Wa­ta­ny­my­zyň baş baý­ra­my­nyň öň ýa­nyn­da gu­ral­ýan no­bat­da­ky yk­dy­sa­dy göz­den ge­çi­ri­liş öz ösü­şi­niň esa­sy ýo­lu­na dü­şen mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň haý­ran gal­dy­ry­jy üs­tün­lik­le­ri­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň ok­gun­ly ös­ýän halk ho­ja­lyk top­lu­my öň­de­ba­ry­jy dün­ýä­niň we ýur­du­my­zyň tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek hem-de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ar­ka­ly in­no­wa­si­ýa ösü­şi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Bu ge­zek­ki ser­gi hem bu baş ug­ry kes­git­le­di, onuň işi­ne yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­let bö­le­gi­niň dü­züm­le­ri­niň, bi­lim we me­de­ni­ýet, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ry­nyň eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­niň kär­ha­na­la­ry gat­naş­dy­lar. Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na hö­kü­met ag­za­la­ry, mil­li par­la­men­tiň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­rynyň, ýur­du­my­zyň işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky il­çi­le­ri, ta­lyp ýaş­lar, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gyn­da halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň in­no­wa­si­ýa ösü­şi, se­na­ga­tyň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­nyň art­dy­ryl­ma­gy, hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy äh­lu­mu­my yk­dy­sa­dy gi­ňiş­lik­de ýur­du­my­zyň or­nu­nyň ber­ki­dil­me­gi döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry di­ýip bel­le­nilýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz — biz hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän iri möç­ber­li öz­gert­me­le­re, bi­na edil­ýän des­ga­la­ra, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan hä­zir­ki za­man kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­re, dür­li ul­gam­lar­da hyz­mat­la­ryň ýo­ka­ry hi­li­ne hem-de köp san­ly beý­le­ki üs­tün­lik­le­ri­mi­ze we ga­za­nan­la­ry­my­za buý­san­ýa­rys — di­ýip aýt­dy. Kö­pu­gur­ly ser­gi hä­zir­ki za­man wi­deo­teh­ni­ka bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan giň zal­lar­da ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň we myh­man­la­ryň öňün­de dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry çy­kyş et­di­ler, olar Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zy wasp et­di­ler. Aja­ýyp halk mu­kam­la­ry Ser­gi mer­ke­zin­de be­lent­den ýaň­la­nyp, bu wa­ka baý­ram­çy­lyk öwüş­gi­ni­ni çaý­dy. Ener­ge­ti­ka hem-de se­na­gat, ne­bit we gaz, ne­bit­hi­mi­ýa, gur­lu­şyk hem-de gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri, ulag we ara­gat­na­şyk, dok­ma önüm­çi­li­gi we ha­ly­çy­lyk, hi­mi­ýa pu­da­gy, oba hem-de suw ho­ja­ly­gy, oba­se­na­gat top­lu­my, luk­man­çy­lyk, bi­lim, me­de­ni­ýet, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk, çap­ha­na, te­bi­ga­ty go­ra­mak hem-de gök gu­şak sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­le­ri ýa­ly äh­li ul­gam­lar­da­ky ösüş dep­gin­le­ri wi­deo­ro­lik­ler­de, önüm­le­riň ki­çel­di­len nusgalarynda, çap­ha­na önüm­le­rin­de — ki­tap­lar­da, žur­nal­lar­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Ýur­du­my­zyň halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň in­no­wa­sion ösü­şi, se­na­ga­tyň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­nyň, eks­port ugur­ly da­şyn­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­giň gi­ňel­dil­me­gi bu ge­zek­ki ser­gi­niň öze­ni­ni düz­di. Mu­ňa ýüz­den gow­rak di­war­lyk­lar aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär, şo­lar ýur­du­my­zyň tu­tuş yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ni, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ba­şy­ny baş­lan mil­li ösüş mak­sat­na­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­de üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan tas­la­ma­la­ry be­ýan ed­ýär. Ser­gi do­ly de­re­je­de döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gör­kez­ýär, ol mak­sat­na­ma­lar ila­tyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, adam­la­ryň zäh­met çek­me­gi we dynç al­ma­gy üçin my­na­syp şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Göz­den ge­çi­ri­liş­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­lar, hä­zir­ki za­man gur­lu­şyk we ti­mar­la­ýyş se­riş­de­le­ri, komp­ýu­ter we kom­mu­ni­ka­si­ýa müm­kin­çi­lik­le­ri, azyk se­na­ga­tyn­da ýe­ti­len sep­git­ler, eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ni tap­mak­da üs­tün­lik­ler, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­nyň ösü­şi, ýur­du­my­zyň yl­my, iş­gär­ler, me­de­ni müm­kin­çi­lik­le­ri gör­kez­ilýär. IT-teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, iň go­wy dün­ýä we ýur­du­my­zyň tej­ri­be­si­niň iş ýü­zün­de or­naş­dy­ryl­ma­gy, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dur­mu­şa ge­çir­ýän, ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­le­riniň baş mak­sa­dy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň di­war­lyk­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýet we söw­da bö­lüm­le­ri, Mer­ke­zi hem-de tä­jir­çi­lik bank­la­ry­nyň, Döw­let äti­ýaç­lan­dy­ryş gu­ra­ma­sy­nyň di­war­lyk­la­ry ser­gä gel­ýän­ler­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Olar söw­da pu­da­gy­ny gu­ra­mak işin­de yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň oňyn tä­si­ri­ni be­ýan ed­ýär. Bu pu­dak te­le­ke­çi­lik iş­jeň­li­gi­ni hö­wes­len­dir­di, hu­su­sy bö­le­giň pa­ýy­nyň art­ma­gy bi­len ba­zar gat­na­şyk­la­ry hä­si­ýe­ti­ne eýe bol­dy, je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi­ne öz tä­si­ri­ni ýe­tir­di. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy top­lu­my­nyň bin­ýat­la­ýyn pu­da­gy bo­lan ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my giň di­war­lyk­da gör­ke­zil­ýär, ol pu­da­gyň ýo­ka­ry dep­gin­ler­de ösü­şi­ni be­ýan ed­ýär. Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­yň hem-de ýa­kyn­da ulan­ma­ga ber­len te­bi­gy gaz­dan kar­ba­mid önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça “Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid” za­wo­dy­nyň eks­port hem-de da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan tä­ze önüm­le­rine esa­sy orun ber­lip­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­niýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň “Ma­ha­bat” mü­dir­li­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len ýa­kyn­da ge­çi­ri­len “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li ha­kyn­da in­te­rak­tiw di­war­ly­gy uly ün­se eýe bol­dy. Dö­re­di­len go­şun­dy­nyň çäk­le­rin­de peý­da­la­ny­jy­lar smart­fon­la­ry we wir­tual gör­nüş­dä­ki äý­nek­le­ri ulan­mak arkaly, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bi­len Ga­ra­gum säh­ra­syn­dan ge­çen ral­li-reý­diň jüm­mü­şi­ne ara­la­şyp, meş­hur aw­to­sü­rü­ji­le­riň or­nu­ny eýe­läp hem-de ýur­du­my­zyň te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri, ta­ry­hy we me­de­ni aja­ýyp­lyk­la­ry bi­len tan­şyp bi­ler­ler. Ser­gi­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň sport ly­bas­lar top­lu­my ser­gä gat­na­şy­jy­la­ryň we fo­ru­myň myh­man­la­ry­nyň ün­sü­ni özü­ne çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ly­bas­da “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň baş­lan­gyç tap­gy­ryn­da çy­kyş et­di, şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Ga­ra­gum säh­ra­sy bo­ýun­ça ral­li-reý­diň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edi­len­di­gi we üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len­di­gi üçin bu ral­li ýa­ry­şy­nyň gu­ra­ma­çy­la­ry­nyň ýol­baş­çy­sy Žan-Lui Şles­ser ta­ra­pyn­dan “Af­rica Eco Raceniň” ýö­ri­te sy­la­gy gow­şu­ryl­dy. Türk­me­nis­tan hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň hem-de mul­ti­mo­dal ýol­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gin­de iş­jeň sy­ýa­sa­ta yg­rar­ly­ly­gy­ny gör­kez­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn da­şa­ry sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de se­bi­tiň örän mö­hüm ulag ge­çel­ge­si­ne, iri hal­ka­ra lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz da­şa­ry döw­let­ler bi­len öza­ra gat­na­şyk­lar bo­ýun­ça mö­hüm tek­lip­le­ri öňe sür­ýär hem-de ola­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­ri gör­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bu ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy öňe sür­me­gi hem-de onuň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne hut özü­niň gö­zeg­çi­lik et­me­gi bu hal­ka­ra aw­to­ral­lä aý­ra­tyn de­re­je ber­di. Ser­gi­de ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri we ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­ri öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gör­kez­ýär­ler. Olar dür­li ul­gam­lar­da — oba ho­ja­ly­gyn­da we azyk se­na­ga­tyn­da, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, hä­zir­ki za­man se­na­gat des­ga­la­ry­nyň hem-de gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň önüm­çi­li­gin­de ýö­ri­te­leş­ýär­ler. Türk­me­nis­tan­da ola­ryň sa­ny yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te de­giş­li bol­ma­dyk bö­le­gi­ne mil­li Li­de­ri­mi­ziň gol­daw ber­me­gi bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ýyl­sa­ýyn art­ýar. Hä­zir­ki wagt­da türk­men kom­pa­ni­ýa­la­ry da­şa­ry ýurt­ly fir­ma­lar bi­len deň de­re­je­de bäs­leş­ýär­ler. Gur­lu­şyk­çy­lar hä­zir­ki za­man ýa­şa­ýyş-dur­muş ül­ňü­le­ri­ni giň­den or­naş­dyr­ýar­lar, bi­na edil­ýän des­ga­lar ze­rur bo­lan äh­li kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ryl­ýar, de­giş­li dü­züm­ler ös­dü­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we­la­ýat­la­ry ös­dür­mek bo­ýun­ça sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz­dan baş­ga-da, we­la­ýat mer­kez­le­ri­niň keş­bi hem bar­ha gö­zel­leş­ýär, olar­da aja­ýyp bi­na­lar — dur­muş ul­ga­my­nyň des­ga­la­ry, eda­ra bi­na­la­ry, ýo­ka­ry amat­lyk­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry yzy­gi­der­li ýag­daý­da ulan­ma­ga be­ril­ýär. Ugur­daş pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, şeý­le hem ti­mar­la­ýyş daş­la­ry­ny, se­ment, ker­piç, pa­nel top­lum­la­ry­ny, mag­dan däl gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni we tä­ze bi­na­lar üçin örän ze­rur bo­lan tur­ba önüm­le­ri­ni, ti­mar­la­ýyş se­riş­de­le­ri­ni, san­teh­ni­ki hem-de elekt­ro­teh­ni­ki we beý­le­ki önüm­le­ri ön­dür­ýän pu­da­gyň iri kär­ha­na­la­ry­nyň di­war­lyk­la­ry ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk se­na­ga­ty­nyň, onuň ga­za­nan­la­ry­nyň ösüş dep­gi­ni­ni gör­kez­ýär. Ser­gä gel­ýän­ler “KWK” ny­şan­ly ga­ýyş aýak­ga­by­ň ýo­ka­ry hi­li­ne, “Ak­daş mi­we iç­gi­le­ri” ny­şan­ly dür­li iç­gi­le­re, “Ha­zar ba­lyk” ny­şan­ly ba­lyk önüm­le­ri­ne, çö­rek-kö­ke hem-de et we süýt önüm­le­ri­ne uly üns ber­di­ler. Ara­gat­na­şyk we ulag ul­ga­my­nyň dü­züm­le­ri hem öz di­war­lyk­la­ry­ny gu­ra­dy­lar. Ila­ta ýo­ka­ry hil­li we el­ýe­ter­li ulag hyz­mat­la­ry­nyň hö­dür­le­nil­me­gi ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň üs­tün­lik­li ösü­şi­niň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Ser­gä gel­ýän­ler Aw­to­mo­bil we De­mir ýol ulag­la­ry mi­nistr­lik­le­ri­niň di­war­lyk­la­ry ar­ka­ly pe­tek­le­ri elekt­ron usu­lyn­da sar­gyt et­mek hem-de sa­tyn al­mak ba­ba­tyn­da in­no­wa­si­ýa çöz­güt­le­ri bi­len tan­şyp bi­ler­ler. Sport we sy­ýa­hat­çy­lyk, sport pu­da­gy hem-de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si dün­ýä­si­ni be­ýan ed­ýän di­war­lyk­la­ryň ýa­ny köp adam­ly bol­dy. Mu­nuň özi mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sy­ýa­sa­tyn­da, şeý­le hem onuň yl­my aň-bi­lim işin­de ile­ri tu­tul­ýan ugur bo­lup dur­ýar. Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ýer se­riş­de­le­ri ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň bö­lü­mi­ni be­ze­mek bo­ýun­ça iş­le­re ser­gi­niň gu­ra­ma­çy­la­ry has-da dö­re­di­ji­lik­li çe­me­le­şip­dir­ler, bu ýer­de baý maz­mun­ly res­mi­leş­di­ri­len di­war­lyk­lar­dan baş­ga-da, türk­men hal­ky­nyň buý­san­jy bo­lan türk­men ala­baý it­le­ri­ni we ta­zy­la­ry­ny syn­la­mak bol­ýar, ýur­du­myz­da ga­dym­dan bä­ri meş­hur bo­lan aw guş­la­ry bi­len aw et­me­giň muş­dak­la­ry­na la­çyn gu­şy gör­ke­zil­di. Bu ser­gi ýur­du­my­zyň ön­dü­ri­ji­le­ri­niň önüm­le­ri­ni ýaý­mak üçin ne­ti­je­li meý­dan­ça­dyr. Iri möç­ber­li göz­den ge­çi­ri­liş hü­när­men­le­riň, bi­ler­men­le­riň we ha­ryt öw­re­ni­ji­le­riň ün­sü­ni çek­di. Köp san­ly şä­her­li­ler we paý­tag­ty­my­zyň myh­man­la­ry üçin bu ser­gi ýur­du­my­zyň ýag­ty gel­je­gi­ne ara­laş­ma­ga, iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar ar­ka­ly Diýarymyzyň ýa­kyn gel­jek­de nä­hi­li keş­be bes­len­jek­di­gi­ni göz öňü­ne ge­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Ser­gi 20-nji sent­ýabr­da öz işi­ni ta­mam­lar. *** Şol gün şeý­le hem Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­tyn­da “Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň esa­sy ugur­la­ry” at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di, oňa yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ry­nyň esa­sy hü­när­men­le­ri, alym­lar, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry we paý­tag­ty­my­zyň ta­lyp­la­ry gat­naş­dy­lar. Maslahatda çy­kyş eden­ler Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan ýaý­baň­lan­dy­ry­lan iri möç­ber­li öz­gert­me­le­riň ýo­ka­ry ne­ti­je­li­li­gi­ni, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň öňün­de goý­lan we­zi­pe­le­riň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler. Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da ha­sa­bat­lar we yl­my ha­bar­lar diň­le­nil­di hem-de ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy, olar­da hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry­na, ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na, bank işi­niň ös­dü­ril­me­gi­ne, önüm­çi­li­ge in­no­wa­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, dur­muş sy­ýa­sa­ty­na we beý­le­ki­le­re de­giş­li mö­hüm me­se­le­ler öz be­ýa­ny­ny tap­dy.

Soňky habarlar
14.01
Ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip
13.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
13.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
12.01
Täze, döwrebap tehnikalar gelip gowuşdy
12.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak boldy
11.01
Innowasiýalar — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň we abadançylygynyň möhüm şerti
11.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
09.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow