Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen boksçularynyň we pälwanlarynyň alty medaly
Sport
Türkmen boksçularynyň we pälwanlarynyň alty medaly
Çap edildi 17.06.2015
1798

Türkmen türgenleri boks hem-de grek-rim göreşi boýunça ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatlarynyň ikisinde uly üstünlik gazandylar. Umuman, Türkmenistanyň sportda gazananlary medallaryň altysy—bir kümüş we bäş bürünç medal bilen köpeldi. Boks ýaryşlary Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi. Oňa Aziýa yklymynyň 14 ýurdundan—Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Iordaniýadan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we beýlekilerden gaýyş elligiň ýaş ussatlarynyň 120 töweregi gatnaşdy. Bu ýerde Türkmenistandan bolan türgenler bir kümüş we bir bürünç medal gazandylar. Aşgabatly Geldimyrat Toýlyýew hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. 80 kilogramdan ýokary bolan agram derejesinde ýarym final duşuşygynda Beknazar Annaorazowyň türgeni arap boksçusyndan ynamly üstün çykdy, altyn baýrak ugrunda geçirilen örän dartgynly duşuşykda bolsa özbek türgeninden asgyn geldi. Halkara ýaryşlarynda ilkinji tejribesidigini nazarda tutanyňda, G.Toýlyýewiň üstünligi uly täsir galdyrýar. Şeýle ýaryşlarda onuň final duşuşygyna çykmagy ýaş türkmen boksçusynyň öňünde uly mümkinçilikleri açýar. Ýene bir medal—bürünç medaly Ýunus Dawletow mynasyp eýeledi. Ol hem halkara sport ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşdy. Dadebaý Geldinazarowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýän daşoguzly boksçy 60 kilograma çenli agram derejesinde tapawutlandy. ... Hindistanyň Nýu-Deli şäherinden 18 ýurtdan ýüzlerçe türgenleriň gatnaşmagynda 1998-2000-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda geçirilen grek-rim göreşi boýunça Aziýanyň çempionaty türkmen toparyna dört sany bürünç medaly getirdi. Olaryň üçüsini nusgawy göreşiň Aşgabat mekdebiniň wekilleri: Resul Baýramow (tälimçi Nepes Gukulow) 46 kilograma çenli agramda; Seýdulla Tazaýew (tälimçi Aman Geldiýew) 58 kilograma çenli agramda hem-de Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Gasan Rasulowyň türgeni Aslan Kulyýew bolsa 85 kilograma çenli agramda eýelediler. Dördünji bürünç medaly kenarýaka Türkmenbaşy şäherinden Eduard Şaginýan gazandy. Ol öz kakasy Artur Şaginýanyň ýolbaşçylygynda türgenleşip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna 69 kilograma çenli agram derejesinde çykdy. Boks we grek-rim göreşi boýunça ýaş türkmen ussatlary Aziýa derejesindäki ýaryşlarda medallary gazanýan mahaly, sportuň şu görnüşleri boýunça erkekler milli ýygyndylary Rio-de-Janeýroda (Braziliýa) 2016-njy ýylda geçiriljek Olimpiýada gatnaşmaga ýollanmalar ugrunda göreşe taýýarlanýarlar. Dört ýylda bir gezek geçirilýän esasy sport wakalaryna gatnaşmak üçin ilkinji ýollanmalar ugrunda güýzde bäsleşiler: grek-rim göreşi boýunça dünýäniň birinjiligi ugrunda göreş sentýabrda Las-Begacda (Amerikanyň Birleşen Ştatlary), boks boýunça dünýä çempionaty bolsa oktýabrda Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçiriler.

Soňky habarlar
21.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
20.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
20.08
«Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
20.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň KARARY
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
20.08
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň KARARY
20.08
Ýaşulularyň baý durmuş tejribesi — jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň esasy
top-arrow