Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň Bilýard sporty federasiýasy döredildi
Sport
Türkmenistanyň Bilýard sporty federasiýasy döredildi
Çap edildi 01.06.2015
2321

Aziýanyň Olimpiýa GeňeşiniňAşgabatda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi ýurdumyzda täze sport federasiýalarynyň açylmagyny şertlendirdi. Ine, ýakynda Türkmenistanyň Bilýard sporty federasiýasy resmi taýdan bellige alyndy. Dessine hem ýurdumyzyň ilkinji çempionaty geçirildi. Paýtagtymyzda sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda geçirilen ýaryşlara Balkan, Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden bilýardçylaryň 60-a golaýy gatnaşdy. Medallar ugrunda göreş “Erkin piramida” görnüşinde geçirildi. Şonda düzgüne laýyklykda şarlaryň 16-synyň her biri oýunçy bolup, olara kiý bilen urgy geçirmek bolýar. Final duşuşygynda aşgabatlylar – Begenç Aýdogdyýew we Batyr Aşyrow duşuşdylar. Türgenleriň ikisiniň hem halkara sport ýaryşlarynda çykyş etmekde uly tejribesi bar. Hususan-da, olar 2013-nji ýylda Koreýa Respublikasynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlaryna gatnaşdylar. Şonda Türkmenistan, mälim bolşy ýaly, bu toplumlaýyn ýaryşlary geçirmek gezegini kabul etdi. Ine, indi bolsa ýurdumyzyň iň oňat bilýardçylary Türkmenistanyň çempionatynda jemleýji oýunda duşuşdylar. Deslapky oýunlarda garşydaşdan üstün çykmak üçin geçirilýän bilýard oýunlarynyň bäşisinde ýeňiş gazanmak zerur bolup durýar. Final duşuşyk bolsa ýedi ýeňşe çenli dowam edýär. Şeýlelikde, B.Aýdogdyýew bilen B.Aşyrowyň arasynda “altyn” ugrunda göreş örän dartgynly we özüne çekiji boldy. Oýun gezekli üstünlikler bilen geçdi. Ilki bilen Batyr Aşyrow tapawutlanyp, oýun başlan badyna iki döw artykmaçlygy bilen 3:1 hasabynda öňe saýlandy. Muňa jogap edip, Begenç Aýdogdyýew töwekgelçilik etmeli boldy, netijede bu öz miwesini berdi: oňa oýny ele almak hem-de öz garşydaşyny 7:5 hasabynda ýeňmek başartdy. Aşgabatly Kerim Çakanow hem-de Daşoguz welaýatynyň toparyndan Kamaladdin Babaýew bürünç medal gazandylar. Ýaryşlar tamamlanandan soň TDH-nyň habarçysy Türkmenistanyň Bilýard sporty federasiýasynyň başlygy B.Aşyrow bilen söhbetdeş boldy. Ol täze sport guramasynyň ýakyndaky meýilnamalary barada aýtdy. Hususan-da, şu döwürde bilýard sportunyň we snukeriň Aziýa konfederasiýasynyň düzümine girmek ilkinji derejeli wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda eýýäm gepleşikler alnyp barylýar. Şeýle hem Milli federasiýa welaýatlaryň bäşisiniň dolandyryş merkezleriniň her birinde öz bölümlerini açmak boýunça işler garaşýar. Türkmenistanyň häzirki çempionatynyň görkezişi ýaly, sportuň bu görnüşine eýerijiler sebitlerde eýýäm şunuň ýaly hyzmatdaşlyga taýýar. Häzir bolsa türkmenistanlylara birnäçe iri halkara ýaryşlaryna taýýarlanmak garaşýar. Olar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry bolar. Şol ýaryşlaryň hatarynda güýzde Katarda geçiriljek bilýard boýunça dünýä çempionaty (“Pul” görnüşi) bar.

Soňky habarlar
01.07
Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny gutlady
30.06
Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň ruhy baýlygynyň bähbidine
30.06
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2027-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Karara gol çekdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
top-arrow