Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen woleýbolçylary Aziýa çempionatynyň finalynda çykyş eder
Sport
Türkmen woleýbolçylary Aziýa çempionatynyň finalynda çykyş eder
Çap edildi 31.05.2015
2477

Bangladeş döwletiniň paýtagty Dakka şäherinde geçirilen erkekleriň arasynda woleýbol boýunça Aziýanyň /Merkezi zolak/ zonal çempionaty Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Altyn medaldan we kubokdan başga-da, watandaşlarymyz şu ýylyň 25-nji iýulyndan 5-nji awgusty aralygynda Eýran Yslam Respublikasynda geçirilek Aziýa çempionatynyň final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Merkezi zolaga ýurtlaryň ýedisinden—Türkmenistandan, Nepaldan, Bangladeşden, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Owganystandan we Maldiw Respublikasyndan toparlar wekilçilik etdi. Ýaryşa gatnaşyjylar iki topara bölündi. Türkmen woleýbolçylary Özbegistanyň we Owganystanyň ýygyndylary bilen bir toparda çykyş etdi. Şonda birmeňzeş 3:2 hasaby bilen ýeňiş gazanyp, ýarym finala çykdylar hem-de Nepalyň woleýbolçylary bilen duşuşdylar. Bu oýunda garşydaşlarymyz türkmenistanlylaryň yzygiderli hüjümlerine hiç hili garşylyk görkezip bilmediler we netijede 0:3 hasabynda utuldylar. Jemleýji duşuşykda Türkmenistanyň ýygyndysy Maldiw adasynyň türgenleri bilen güýç synanyşdy. Aziýa çempionatyny geçirmek baradaky düzgünnama laýyklykda, diňe ýeňiji toparyň biri final tapgyrda çykyş etmäge hukuk alýar. Şu hem zonal çempionatynyň finalynda göreşiň dartgynly boljakdygyny öňünden kesgitledi. Maldiw woleýbolçylary duşuşygyň ilkinji sekuntlaryndan okgunly hereket etdiler. Duşuşygyň birinji böleginde-de, ikinji böleginde-de, türkmenistanlylar garşydaşlarynyň çalasyn hüjüminiň garşysyna alaç tapyp, olaryň goranyşyny böwüsmegi başarmadylar. Biziň peýdamyza bolmadyk 0:2 hasaby bolsa tälimçilere oýny alyp barmagyň usulyny düýpli üýtgetmege borçly etdi. Türkmen tälimçileri degişli netije çykaryp, üçünji bölegiň öň ýanyndaky arakesmede goranmagyň we hüjüm etmegiň hatarlaryny üýtgetdiler. Bu bolsa dessine öz netijesini berdi: watandaşlarymyz oýny eýe alyp, hasaby deňlemegi başardylar. Soňra bolsa bäşinji—jemleýji bölekde bu duşuşygy ynamly ýeňşe çenli ýetirdiler. Türkmenistanyň ýygyndysy ynamly we örän owadan ýeňiş gazandy! Milli ýygyndynyň tälimçileriniň pikirine görä, watandaşlarymyzyň halkara sport ýaryşlaryndaky köpsanly ýeňişleri milli Liderimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportda ýokary gazanylanlary ösdürmäge berýän ägirt uly ünsüniň, şeýle hem türgenleşmek üçin döredilen şertleriň, halkara ülňüleriniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, soňky ýyllarda döredilen häzirki zaman sport binýadynyň Türkmenistanda agdyklyk etmeginiň netijesi bolup durýar. Ussatlygy kämilleşdirmek işinde beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy türgenleri we tälimçileri bilen yzygiderli tejribe alyşmak hem uly goldaw bolup durýar. Bangladeşdäki ýaryşlaryň öň ýanynda woleýbol boýunçaTürkmenistanyň ýygyndysy halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşdy. Ony geçirmek üçin Belarus Respublikasynyň paýtagtyndan uzakda bolmadyk ýerde ýerleşen taýýarlyk görülýän “Staýka” Olimpiýa merkezi saýlanyp alyndy. Şu sport toplumy hem biziň woleýbolçylarymyzyň Aziýa çempionatynyň final tapgyryna taýýarlyk görjek ýeri bolar.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow