Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen karateçileriniň goşa ýeňşi
Sport
Türkmen karateçileriniň goşa ýeňşi
Çap edildi 04.05.2015
2352

Şotokan karate boýunça ýakynda Tbiliside (Gruziýa) tamamlanan VI dünýä çempionatynda türgenlerimiz oňat netije gazandylar. Aýry-aýry kumite (tutluşyklar) we toparlaýyn kata (toplumlaýyn maşklar) görnüşlerinde gazanylan iki altyn we bir bürünç medal bilen Türkmenistanyň sportda gazananlarynyň üsti ýetirildi. Gruziýanyň paýtagtyna 32 döwletden türgenleriň 1200-den gowragy ýygnandy. Zuhrajan Jumabaýewa ýygyndymyzyň düzüminde iň oňat netije görkezdi. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby 18 ýaşdan ýokary bolan gatnaşyjylaryň toparynda aýry-aýry tutluşyklarda ajaýyp çykyş edip, altyn we bürünç medaly gazandy. Z.Jumabaýewa hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna WSKU (şotokan karateniň bütindünýä birleşigi) görnüşi boýunça ýaryşlarda çykdy, üçünji orny bolsa ol Bütindünýä karate federasiýasynyň (WKF) düzgünleri bilen kesgitlenen tutluşyklarda eýeledi. Türkmenistanlylar ýene-de bir altyn medaly 16-17 ýaş toparlarynyň arasynda toparlaýyn kata (WSKU) görnüşinde gazandy. Toparymyzyň düzüminiň Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň şotokan karate boýunça sebit mekdepleriniň üçüsine wekilçilik edýän türgenlerden düzülendigini bellemek gerek. Türkmenistanyň ýygyndysy örän sazlaşykly çykyş edip, iň oňat sport ussatlygyny görkezdi we garşydaşlaryndan öňe geçdi. Olar Söweş sungatynyň bu görnüşiniň dörän ýurdy bolan Ýaponiýanyň toparyndan hem öňe saýlandy. Iň ýokary gymmatlygy bolan medallary Jelal Satlykgulyýew, Oguzhan Nizamow we Hydyr Hydyrow gazandy. Biziň ussatlarymyzyň şotokan karate boýunça üstünliklerini ýetip gelýän şanly senä—Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygyna bagyşlandyklaryny bellemek gerek.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow