Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ahal welaýaty pagta ýygnamak boýunça borçnamasyny ýerine ýetirdi
Ykdysadyýet
Ahal welaýaty pagta ýygnamak boýunça borçnamasyny ýerine ýetirdi
Çap edildi 07.11.2018
1440

Ahalyň ekerançylary uly zähmet ýeňşini gazandylar, olar welaýatlaryň arasynda ýurdumyzda ilkinji bolup, pagta hasylyny ýygnamak boýunça döwlet tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler, şunda Watan harmanyna 207 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryldy. Ekerançylaryň bu zähmet üstünligi olaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba zähmetkeşleri barada edýän ägirt uly tagallalaryna tutanýerli zähmet bilen beren jogabydyr. Oba hojalyk önümçiligi ulgamynda obany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, daýhanlaryň tutuş kalby bilen ene topraga berilmegi, ýokary hasyl almagy, öz zähmetiniň netijesine we abadan durmuşa buýsanmagy üçin giň mümkinçilikleri açdy. Pagta hasylyna satyn alyş nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere oba hojalyk tehnikasyny satyn almak, beýleki çykdajylary maliýeleşdirmek üçin berilýän ýeňillikli karzlar ekerançylaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, ýerlerden has köp hasyl almaga gyzyklandyrmany artdyrmak üçin oňat binýat bolup durýar. 5-nji noýabrda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi netijesinde gowaçanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini aýtdy hem-de galan hasyly çalt ýygnamak üçin bar bolan serişdeleri goşmaça herekete girizmek barada görkezme berdi. Türkmen topragynyň bol hasyla ýaramly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba syýasatynyň baş maksadydyr. Obada amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe obasenagat toplumy hil taýdan täze derejä çykaryldy, bu bolsa Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Gowaça Türkmenistanyň iň möhüm oba hojalyk ekinleriniň biridir. Pagta süýümi ýurdumyzda okgunly ösdürilýän dokma senagatynyň onlarça kärhanalary üçin diňe bir çig mal bolman, azyk önümleriniň birnäçesi üçin hem zerurdyr, şolaryň hatarynda ýokumlylygy boýunça gymmatly pagta ýagy, ýokary bejeriş häsiýetine eýe bolan pagta baly bar. Ahal welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi mynasybetli dabara geçirildi, oňa welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, oba zähmetkeşleri gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, pagta çig malyny taýýarlamak boýunça borçnamanyň ýerine ýetirilmeginde ekerançylar bilen bir hatarda kämil pagta ýygyjy tehnika erk edýän kombaýnçylar hem-de ýygnalan hasylyň bökdençsiz daşalmagyny üpjün eden sürüjiler we beýlekiler hem uly goşant goşdular. Ýygnananlar oba zähmetkeşleri hakynda yzygiderli aladasy, daýhanlaryň netijeli işlemegi we mynasyp durmuşy ugrunda döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler, döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini berjaý etmek üçin ähli güýçlerini gönükdirjekdiklerine ynandyrdylar. Ahal welaýatynda pagta ýygymy dowam edýär. Sebitiň ekerançylary ýetişdirilen hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin ýokary depginde zähmet çekýärler. Şol bir wagtyň özünde pagtasy doly ýygnalan meýdanlarda aralyk ekinleri ekmek üçin ýerleri taýýarlamak işleri geçirilýär.

Soňky habarlar
13.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
13.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
12.01
Täze, döwrebap tehnikalar gelip gowuşdy
12.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak boldy
11.01
Innowasiýalar — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň we abadançylygynyň möhüm şerti
11.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
09.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
09.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow