Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen küştçüleri — halkara ýaryşynyň öňdebaryjylary
Sport
Türkmen küştçüleri — halkara ýaryşynyň öňdebaryjylary
Çap edildi 13.03.2015
2102

Şu günler Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde küşt boýunça däbe öwrülen “First Saturday” halkara ýaryşy geçirilýär. Onda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edýärler. “Rapid” bäsleşiginde ildeşlerimiz 2 altyn we 1 kümüş medal gazandylar. Bu görkeziji ýaryşa gatnaşýan ähli toparlaryň arasynda ýokary netijedir. Rapid “çalt oýnalýan” küşt diýlip atlandyrylýan oýunlaryň biridir. Onda bäsleşmek üçin 15 minut wagt berilýär we her göçümden soň 10 sekunt goşulýar. Bu bäsleşikde hemme zat çalt we dogry çözgüt kabul edilmegine bagly bolýar. Şunda türkmenistanlylaryň birbada üçüsiniň, özi-de ýaş toparlarynyň ikisinde hem — ulularyň we ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşlarda ýeňiş gazanmagy örän guwandyryjydyr. Erkekler toparynda hormat münberiniň ýokarky basgançagyna halkara ussady Maksat Atabaýew çykdy. Şweýsar ulgamy boýunça 7 tapgyrda geçirilen bäsleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby alty döwde ýeňiş gazanyp, birinde deňme-deň oýnap, 6,5 utuk toplady. Bu M.Atabaýewiň halkara sport giňişliginde gazanan ilkinji altyn medaly däldir. Ol dünýä we yklym derejelerindäki iri ýaryşlarda medallaryň onlarçasyny gazandy. Geçen aýda Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda geçirilen “Moskow-open” atly ýaryşdaky çykyşyny hem Maksadyň uly ýeňişleriniň hataryna goşmak bolar. Şonda Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Orazly Annageldiýewiň we Aýdogdy Atabaýewiň şägirdi halkara grossmeýsteriniň kadalyk görkezijisini doldurdy. Bu üstünlik ýaş türkmen küştçüsiniň iň ýokary sport derejesine eýe bolmagyny kesgitledi: Maksat 20 ýaşynda halkara derejesindäki ussatlyga ýetmegi başardy. Galyberse-de, onuň ady ýokary liga girýän erkekleriň arasynda ýurdumyzyň çempionatynda altyn medal gazanan iň ýaş türgen hökmünde küşdiň türkmen mekdebiniň ösüşiniň taryhyna ýazyldy. Maksat bu üstünlige eýýäm 15 ýaşynda eýe bolup, şondan bäri hem Türkmenistanyň iň ökde küştçüsi adyny üç gezek tassyklamagy başardy. M.Atabaýewiň dogany we milli sport ýaryşlarynda onuň esasy bäsdeşleriniň biri, halkara ussady Ýusup Atabaýew “Rapid” görnüşinde erkekleriň bäsleşiginde ýeňijiden bary-ýogy 0,5 utuk yza galyp, kümüş sylaga eýe boldy. Döwleriň bäşisinde ýeňiş gazanyp, ikisinde deňme-deň oýnady. Häzir Ý.Atabaýew iň ýokary küşt derejesine — halkara grossmeýstrine tarap ýolda üç balldan birini gazandy. Budapeştde geçirilýän ýaryşda onuň nusgawy bäsleşiklerde ýene bir oňat görkezijini gazanmaga mümkinçiligi bar. Ýusup Maksat bilen birlikde türgenleriň grossmeýsterler toparynda çykyş edýär. Oňa güýçli küştçüleriň 10-sy gatnaşýar. Bu ýerde medallar ugrunda bäsleşikler aýlawly ulgam boýunça geçirilýär. Yzda eýýäm 5 tapgyr galyp, olaryň netijeleri boýunça türkmenistanlylar üçünji we dördünji orunlary öz aralarynda utuklaryň birmeňzeş möçberi bilen paýlaşýarlar. Öňde ýene 4 tapgyr, şol sanda özara duşuşyk garaşýar. Hut şol bäsleşik hormat münberine tarap ýolda aýgytlaýjy bolup biler. Ýeňiji we baýraklaryň eýeleri 17-nji martda kesgitlener. Türkmen toparynyň düzüminde ikinji altyn medaly Atabaýewleriň maşgalasynyň küştçüler neberesiniň ýene-de bir wekili, FIDE-niň 16 ýaşly ussady Saparmyrat Atabaýew gazandy. Ýetginjekleriň toparynda oňa taý gelen bolmady. Ýeňiş gazanmak üçin ýaş türkmenistanla 5 utuk ýeterlik boldy. Saparmyrat hem nusgawy küşt ýaryşlarynda, halkara ussatlar toparynda medal ugrunda bäsleşmegini dowam edýär. 5 tapgyrdan soň ol 3,5 utuk toplap, birinji orny saklap gelýär. Munuň özi ýaryşyň tamamlanmagyna çenli galan 4 tapgyrdan öň oňat görkeziji bolup durýar.

Soňky habarlar
21.08
Aşgabatda çagalar üçin halkara sergi-ýarmarka açyldy
21.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
20.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
20.08
«Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
20.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň KARARY
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
20.08
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň KARARY
top-arrow