Baş sahypa
\
Sport
\
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy
Sport
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy
Çap edildi 05.03.2015
2322

Aşgabat, 5-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda HTTU — “Balkanyň” duşuşygyndan ýokary liga toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň 23-nji çempionaty badalga aldy. Geçen ýylda bolşy ýaly, dört aýlawda geçirilýän milli ýaryşyň medallary ugrunda toparlaryň 10-sy bäsleşýär. Oňa gatnaşyjylaryň düzüminde üýtgeşme bolup geçdi: “Bagtyýarlyk-Lebap” we “Talyp sporty” toparlarynyň ýerine çempionatda Marydan “Energetik” hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň “Hazyna” topary ilkinji gezek çykyş eder. “Energetik” geçen ýyl birinji ligada final ýaryşynda ýeňmek bilen türkmen futbolynyň ýokary ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Geçenki möwsümde birinji ligada saýlanma tapgyryny geçmedik “Hazyna” üçin bolsa Türkmenistanyň futbol federasiýasy Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplarynyň arasynda futbolyň barha artýan meşhurlygyny nazarda tutup, kadadan çykmadan ugur aldy. Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň stadionynda HTTU — “Balkanyň” duşuşygynyň öň ýanynda çempionatyň dabaraly açylyşy boldy. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň owazy astynda toparlaryň kapitanlary ýurdumyzyň Döwlet tuguny ýokary galdyrdylar. Soňra oýun başlandy. Ýakynda ýagan ýagyş sebäpli, meýdançada emele gelen oňaýsyzlyk toparlaryň ikisiniň oýunçylaryna hem özleriniň has oňat oýunlaryny görkezmäge mümkinçilik bermedi. Duşuşygyň ykbalyny oýnuň 8-nji minudynda HTTU-nyň hüjümçisi Pirmyrat Soltanowyň geçiren ýeke-täk pökgüsi çözdi. Ol meýdançanyň çep tarapyndan berlen pökgä öz wagtynda ýetişip, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň çempionatynda ilkinji pökgini geçiren oýunçy boldy. Ýurdumyzyň çempionatynyň ilkinji tapgyry 6-njy martda “Ahal” — “Energetigiň” duşuşygy bilen dowam eder. 7-nji martda bolsa “Altyn asyr” —“Hazyna”, “Daşoguz”—“Şagadam” hem-de “Merw” — “Aşgabat” toparlarynyň duşuşygy bilen tamamlanar. Güýzde jemlenýän çempionatyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň iň oňat topary 2016-njy ýylda ähmiýeti boýunça ikinji derejeli ýaryş bolan Aziýanyň toparlarynyň bäsleşiginde, ýagny, AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda çykyş etmäge hukuk alar.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow