Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen karateçileri ýedi medaly eýelediler
Sport
Türkmen karateçileri ýedi medaly eýelediler
Çap edildi 02.03.2015
2350

Netanýa, 2-nji mart (TDH). Şu gün Ysraýylyň Netanýa şäherinde tamamlanan adaty karate boýunça halkara ýaryşynda biziň ildeşlerimiz jemi ýedi medala – 1 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medala mynasyp boldular. Bu bäsleşiklere 7 ýurtdan 100-den gowrak türgen gatnaşdy. Biziň ýurdumyzyň toparynyň düzüminden Rüstem Annaýew altyn medaly eýeledi, oňa ýetginjekler toparynda çykyş edenleriň arasynda taý gelen bolmady. Şu toparda şeýle hem Selim Myratdurdyýew bürünç medala mynasyp boldy. Ol kata (toplumlaýyn maşklar) boýunça hem ýetginjekleriň arasynda geçirilen bäsleşikde özüniň ikinji medalyna -- kümüş medala eýe boldy. Uly ýaşly türgenleriň toparynda çykyş eden Didar Hojaýew kata boýunça hem-de tutluşyklarda degişlilikde kümüş we bürünç medallara mynasyp bolmagy başardy. Ýetginjekleriň arasyndaky bäsleşikde Röwşen Hudaýberenow ikinji orna, uly ýaşlylaryň toparynda çykyş eden Döwlet Berdiýew kata boýunça üçünji orna mynasyp boldular.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow