Baş sahypa
\
Sport
\
“Ahal” – AFK-nyň Kubogynyň eýesi bilen bir toparda
Sport
“Ahal” – AFK-nyň Kubogynyň eýesi bilen bir toparda
Çap edildi 19.02.2015
2314

AFK-nyň Kubogynyň häzirki eýesi “Al-Kadsiýa” (Kuweýt), şu ýaryşyň iki gezek finalçysy “Erbil” (Yrak) we Täjigistanyň üç gezek çempiony “Istiklol” toparlary Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda Türkmenistanyň Kubogynyň iki gezek eýesi we wise-çempiony “Ahalyň” bäsdeşleri bolarlar. Bu barada Çempionlar ilgasynyň we AFK-nyň Kubogy ugrunda geçirilen oýunlarynyň jemleri boýunça mälim boldy. Şondan soň ähmiýeti boýunça Aziýanyň birinji we ikinji toparlarynyň ýaryşlaryna gatnaşyjylaryň doly sanawy belli boldy. 2015-nji ýylyň AFK-nyň Kubogynyň toparlarýyn tapgyrynda “Ahal” topary öz ilkinji oýnuny “C” toparda 25-nji fewralda Kuweýtde “Al-Kadsiýa” topary bilen geçirer. Ikinji duşuşygyny bolsa 11-nji martda Aşgabatda “Istiklol” täjik topary bilen geçirer, 18-nji martda bolsa öz meýdanynda “Erbil” yrak toparyny kabul eder. Toparlaýyn duşuşyklaryň ikinji aýlawyna “Ahal” 15-nji aprelde myhmançylykda “Erbiliň” garşysyna oýnamak bilen başlar, 29-njy aprelde bolsa öz meýdanynda “Al-Kadsiýa” bilen duşuşar we duşuşyklaryň toparlaýyn tapgyryny 13-nji maýda Duşenbede “Istiklol” bilen tamamlar.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow