Baş sahypa
\
Sport
\
Uşu boýunça türkmen ussatlary alty medal gazandylar
Sport
Uşu boýunça türkmen ussatlary alty medal gazandylar
Çap edildi 13.02.2015
2147

Eýran Yslam Respublikasynyň Zahedan şäherinde uşu boýunça geçirilen Günbatar Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri uly üstünlige eýe boldular. Bu göreşiň “sanda” —tutluşyklar görnüşinde türgenlerimiz iki kümüş we dört bürünç medal gazandylar. Ýaryşa dünýäniň 13 ýurdundan— Kuweýtden, Iordaniýadan, Siriýadan, Liwandan, Pakistandan,Gazagystandan, Özbegistandan we beýleki döwletlerden ýygyndy toparlar gatnaşdylar. Ýurdumyzyň toparyna türgenleriň sekizisi wekilçilik edip, olaryň altysy çempionatyň baýrakly orunlaryna eýe boldy. 65 kilogram agram derejesinde çykyş eden Salaheddin Baýramow kümüş medala mynasyp boldy. Ol finala tarap ýolda Liwandan we Yrakdan bolan ussatlardan iki gezek ynamly üstün çykmagy başardy. Ildeşimiz liwanly türgeni bäsleşigiň ikinji raundynda nokaut etdi. Aýgytlaýjy bäsleşikde pälwanymyz çempionatyň eýeleriniň toparynyň wekili bilen duşuşyp, çekeleşik bäsleşikde ýeňildi. Ýaryşda kümüş medallaryň ýene-de birine ýygyndy toparymyzyň düzüminde 75 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Muhammet Gurbanow mynasyp boldy. Çärýek finalda Gazagystandan gelen türgeni ýeňen ildeşimiz ýarym finalda Eýran Yslam Respublikasynyň toparynyň wekili bilen bäsleşdi. Ol tomaşaçylar tarapyndan ägirt uly goldawyň berlendigine garamazdan M.Gurbanowyň garşysyna durup bilmedi we finaldan daşarda galdy. Altyn medal ugrunda bäsleşikde pälwanymyz pakistanly türgenden uly bolmadyk utuk tapawudy bilen yza galdy. Türkmenistanyň toparynda bürünç medallary Çarygylyç Tagangylyjow (56 kilograma çenli), Rahat Rahymow (60 kilograma çenli), Goçmyrat Jumanyýazow (70 kilograma çenli) we Kemal Sahatow (85 kilograma çenli) gazandylar. Baýrak eýeleriniň hemmesi Aşgabat şäher sport komitetiniň sport mekdebiniň türgenleridir. Ýaryşyň barşynda Aziýanyň uşu federasiýasynyň esaslandyryjy maslahaty geçirilip, Merkezi we Günbatar Aziýanyň birleşen uşu federasiýasyny döretmek onuň gün tertibine girizilen esasy mesele boldy. Oňa Eýrandan Mahdi Ali Neždat ýolbaşçy bellenildi. Täze döredilen halkara sport guramasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň düzümine Türkmenistanyň uşu federasiýasynyň başlygy Ý.Annamyradow hem girdi. Geljek ýyldan başlap ýaryşyň derejesi hem üýtgedilip, ol Merkezi we Günbatar Aziýa çempionatynyň çäklerinde geçiriler. Beýleki halkara ýaryşlary barada aýdylanda bolsa, häzir türgenlerimiz Latwiýanyň açyk çempionatyna taýýarlyk görýärler. Bu ýaryş 20-22-nji martda Riga şäherinde geçiriler. Emma türgenler üçin şu ýylyň esasy synaglary güýzde-Indoneziýanyň Jakarta şäherinde geçiriljek dünýä çempionatynda bolar. Häzir iň gadymy söweş sungatynyň ýurdumyzdan bolan wekilleri uşu boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşa taýýarlyk görýärler. Ol 19-22-nji fewralda Mary welaýatynyň merkezinde geçiriler.

Soňky habarlar
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow