Baş sahypa
\
Sport
\
Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň utgaşdyryjy toparynyň mejlisi
Sport
Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň utgaşdyryjy toparynyň mejlisi
Çap edildi 11.02.2015
2036

Aşgabat, 11-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň utgaşdyryjy toparynyň ilkinji mejlisi geçirildi. Ol 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň nobatdaky tapgyrlaryny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy. Mälim bolşy ýaly, geçiriljek Aziýada taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işleri utgaşdyrmagyň wajypdygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2014-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň hem-de Okeaniýanyň milli olimpiýa komitetleriniň arasynda Aziada-2017-ä Okeaniýa ýurtlarynyň 17-siniň gatnaşmagy baradaky Ähtnama gol çekmek dabarasynyň barşynda aýratyn nygtaldy. Bir wagtda sekiz ýarym müň türgeni ýerleşdirip biljek Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda geçirilen häzirki mejlise şeýle hem Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylyň V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we Guramaçylyk komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň düzümine oýunlara taýýarlyk görmäge we olary geçirmäge jogapkär ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary girýär. Mejlisiň barşynda daşary ýurtly hünärmenler türgenler üçin hem, tomaşaçylar üçin hem, şeýle-de sport hem-de ýaşlara hyzmat etmek ulgamynda işleýän beýleki hünärmenleriň köpüsiniň işlemegi üçin örän amatly şertler döredilen Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk sport toplumynyň gurluşyklarynyň depginine we möçberine haýran galandyklaryny beýan etdiler. Mejlisiň öň ýanynda olara Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Şol desgalaryň köpüsi eýýäm ulanyşa tabşyrylmaga taýýar. Gün tertibine laýyklykda, duşuşyga gatnaşyjylar Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynyň ulanmaga tabşyrylmagy we olara hyzmat edilmegi, daşary ýurt dillerini kämil ele almaklary esasy talap bolup durýan meýletinçileriň yzygiderli okuw-maslahatlaryny guramak, ýokary hilli Internet hyzmatlary, türkmen türgenlerini öňde boljak toplumlaýyn ýaryşlara taýýarlamak we köp sanly beýlekiler bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Aziadanyň maksatnamasynda görkezilen sport görnüşleriniň her biri boýunça türgenleşik we ýaryş tertipleriniň takyk ýerine ýetirilmeginiň wajypdygy aýratyn bellenildi. Munuň özi sportda uly mümkinçilige eýe bolan geljegi has uly türgenleri ýüze çykarmaga mümkinçilik bermelidir. Şol türgenleri öňde boljak yklym ýaryşlaryna yhlasly we maksada gönükdirilen derejede taýýarlamaga girişilmelidir. Şeýle hem Aşgabatda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň nobatdaky Baş assambleýasyny geçirmäge taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna deslapky tapgyryň ilkinji netijeleri jemlener. Bu ýere ýygnananlar Aziada — 2017-ä taýýarlyk görmäge hem-de Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň tehniki ölçeglerine, iň ýokary dünýä ülňülerine pugta laýyklykda bina edilýän Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygyna uly üns berýändigi üçin Türkmen döwletiniň Baştutanyna çuňňur hoşallyk bildirdiler. Milli Liderimiz tarapyndan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän strategiýanyň bu ulgamda hem özüniň baý netijelerini getirýändigi aýratyn bellenildi. Çünki sport—bu parahatçylyk, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly syýasaty hem dünýäniň ähli ýurtlary we halklary bilen netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam edýär.

Soňky habarlar
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow