Baş sahypa
\
Sport
\
“Altyn Asyr” topary AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlardan çykýar
Sport
“Altyn Asyr” topary AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlardan çykýar
Çap edildi 10.02.2015
2210

Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün “Aşgabat” sport toplumynyň meýdançasynda Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFK) kubogy ugrundaky ýaryşlaryň nobatdaky saýlama oýny geçirildi, onda ýurdumyzyň “Altyn Asyr” topary Ýemeniň “Al Sagr” topary bilen duşuşdy. Oýnuň barşynda myhmanlar 1:0 hasabynda utmagy başardylar. Saýlama tapgyrda toparlaryň AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlaryň toparlaýyn tapgyrynda orny eýelemek ugrunda bäsleşýändiklerini ýatladýarys. Bu oýnuň öň ýanynda Türkmenistanyň geçen ýylky çempionatynda ikinji orny eýelän hem-de 2014-nji ýylda ýurdumyzyň kubogyna mynasyp bolan “Ahal” topary Gyrgyzystanyň “Dordoý” toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykypdy. Indi “Ahal” 17-nji fewralda Omanyň “Fanja” topary bilen myhmançylykda oýnap, ikinji ýeňşi gazanmaga synanyşar. Bu bolsa oňa toparlaýyn tapgyra çykmagyny üpjün eder. Aşgabadyň “Altyn Asyr” topary bolsa şu gün şeýle mümkinçiligi elden gidirdi. Bu utulyşy şowsuzlyk diýip hasap etmek bolar, sebäbi biziň futbolçularymyz derwezä pökgini geçirmek üçin köpsanly mümkinçilikler döretdiler. Oýnuň birinji ýarymynyň iň soňky pursatlarynda türkmen futbolçularynyň biri burçdan urlan pökgini bat bilen myhmanlaryň derwezesine tarap gönükdirdi. Emma pökgi derwezäniň gapdalky sütünine degip, yzyna gaýtdy. Ildeşlerimiz duşuşygyň ikinji ýarymynda hem howply pursatlaryň ençemesini döretdiler. Emma pökgini garşydaşlaryň derwezesine geçirmek başartmady – pökgi ýa oýunçularyň aýagyna degýär, ýa-da “Al Sagr” toparynyň derwezeçisi tarapyndan yzyna gaýtarylýar. Oýnuň 62-nji minutynda myhmanlar “Altyn Asyryň” hüjümini gaýtaryp, garşylyklaýyn hüjüme geçdiler: ýemenli hüjümçi biziň goragçylarymyzdan arany açyp, derwezäniň burçuna pökgini dürs urdy. Duşuşygyň galan wagtynda hem türkmen futboçylarynyň tutanýerli oýnamaklaryna garamazdan hasap üýtgemedi... Indi “Altyn Asyr” topary bu ýaryşlardan çykyp, öz janköýerleriniň ynamyny ödemek üçin Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyga ykjam taýýarlyk görüp başlar we şonda ol “Ahal” topary bilen bäsleşikde ýeňiş gazanmaga çalşar.

Soňky habarlar
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
top-arrow