Baş sahypa
\
Sport
\
“Ahal” AFK-nyň Kubogynda ýeňiş bilen başlady
Sport
“Ahal” AFK-nyň Kubogynda ýeňiş bilen başlady
Çap edildi 09.02.2015
2142

Aşgabat, 9-njy fewral (TDH). Şu gün “Aşgabat” sport toplumynyň merkezi meýdançasynda Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň çäklerinde “Ahal” (Türkmenistan) we “Dordoý” (Gyrgyzystan) komandalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Şonda 1:0 hasabynda biziň futbolçylarymyz ýeňiş gazandy. Bu oýun türkmenistanlylar üçin saýlama oýunlaryň tapgyrynda ilkinji bolup, onda toparlar ýaryşlaryň toparçadaky tapgyryna düşmek üçin bäsleşerler. Toparçadaky tapgyra geçmek üçin bolsa iki ýeňiş gazanmak zerur bolup durýar. Şol ýeňişleriň birini şu gün Guwançmuhammet Öwekowyň tälim berýän türgenleri gazanmagy başardylar. Türkmen futbolçylary ilkinji sekuntlardan garşydaşyň derwezesine yzly-yzyna hüjüm geçirdiler. Myhmanlar biziň oýunçylarymyzyň depginli hereketlerine ýetişmeýärdiler. Bu bolsa köplenç halatda gyrgyzystanlylar tarapyndan düzgün bozulmalar bilen tamamlandy. “Dordoý” toparynyň derwezesiniň alkymynda bellenen şeýle jerime urgularyň birinde eýýäm 9-njy minutda tora pökgi geçirildi. Biziň toparymyzda Altymyrat Annadurdyýew tapawutlandy. Şeýle tiz üstünlik bilen ruhlanan ýer eýeleri gyrgyzystanlylaryň derwezesine tarap hüjümlerini güýçlendirip, AFK-nyň Prezidentiniň Kubogynyň iki gezek eýelerini tutuş topary bilen öz ýarym meýdançasyna çekilmäge mejbur etdiler. Şeýle ýagdaýda myhmanlaryň başaryp bilen ýeke-täk çykalgasy meýdançanyň gyralaryndan garşylyklaýyn çykalga gözlemekden ybarat boldy, ony hem türkmen goragçylary öz derwezeleriniň töwereklerinde başarnykly yzyna gaýtardylar. Netijede futbolçylar 1:0 hasabynda 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Kubogynyň eýeleriniň peýdasyna arakesmä çykdylar. Oýuny halas etmek üçin gyrgyz toparynyň tälimçisi, “Dordoýa” indi bir ýylyň dowamynda ýolbaşçylyk edýän Zawiş Milosawewiçe oýny alyp baryş tärini düýpli üýtgetmek hem-de depgini öz ellerine almaga synanyşmak zerurdy. Serbiýaly tälimçiniň şeýle synanyşygy belli bir derejede öz miwesini berdi, çünki duşuşygyň ikinji ýarmynda myhmanlar öz tizliklerini artdyrmagy başaryp, “Ahalyň” derwezesiniň ýanynda birnäçe howply pursatlary döretdiler. Ýaryşyň eýeleri öz ýarym meýdançalaryna süýüşmäge mejbur bolup, garşylyklaýyn hüjüm etmek üçin amatly pursatlara garaşdylar. Şeýle usul oýnuň barşyna diňe kämahal bildirdi. Dogrusy, duýdansyz garşylyklaýyn hereketleriň barşynda türkmen futbolçylaryna “Dordoýyň” derwezeçisi bilen ýekeme-ýeke çykmaga ýagdaýlar döredi. Emma, derwezeçi täsin ussatlygyny görkezip, her gezek öz toparyny tora geçjek pökgüden halas etdi. Netijede, duşuşyk 1:0 hasabynda “Ahalyň” peýdasyna tamamlandy. Bu ýeňiş, gürrüňsiz suratda, biziň futbolçylarymyza saýlama tapgyryň 17-nji fewralda geçiriljek ikinji oýnunyň öň ýanynda oňat itergi berer. Şol gün türkmenistanlylar Omandan bolan “Fanja” topary bilen duşuşyga çykar. Oýun biziň garşydaşymyzyň meýdançasynda geçiriler. 10-njy fewralda bolsa “Aşgabat” sport toplumynyň merkezi meýdançasynda Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň çäklerinde ýene-de bir duşuşyk geçiriler. Duşuşyga Türkmenistanyň häzirki çempiony “Altyn asyr” we Ýemeniň ýokary futbol ligasynyň ýeňijisi “Al Sagr” topary çykar. Garşydaş asgyn däl, şonuň üçin duşuşyk gyzykly bolar. Oýun 18:00-da başlanýar.

Soňky habarlar
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow