Baş sahypa
\
Sport
\
Şort-tregiň ýaş ussatlarynyň ilkinji halkara üstünligi
Sport
Şort-tregiň ýaş ussatlarynyň ilkinji halkara üstünligi
Çap edildi 09.02.2015
2457

Aşgabat, 9-njy fewral (TDH). Şu gün ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdepde türgenleri hormatlamak dabarasy boldy. Olar Koreýanyň Phençhan şäherinde geçirilen şort-trek boýunça (konkide typmak sportunyň bir görnüşi) ýaşlaryň halkara synag-ýaryşynda Türkmenistan üçin ilkinji medallaryň ähli görnüşlerini gazandylar. Sportuň şu görnüşi boýunça gönüden-göni ýaryşlaryň geçirilmegine getiren gysga ýodada konkide çalt typmak boýunça sport okuwlary 2018-nji ýylda Koreýa Respublikasynda geçiriljek gyşky olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde guraldy. “Dream program” maksatnamasy 13-den 17 ýaşa çenli bolan ýetginjekleri lyža sporty, snoubording we figuralaýyn typmak boýunça okuw derslerini özünde jemleýär. Bu okuwlar Hindistandan, Katardan, Indoneziýadan, Urugwaýdan, Ýemenden, Paragwaýdan, Ugandadan, Türkmenistandan we beýleki döwletlerden ýüzlerçe wekilleri ýygnady. Biziň ýurdumyza türgenleriň üçüsi wekilçilik etdi. Esasy bellemeli zat bolsa, olaryň ählisi Watanymyza medal bilen dolanyp geldiler. Ýaryşlar 500 metr aralyga geçirildi. Türkmen toparynda altyn medaly bu aralygy 55,13 sekuntda geçen Pena Ataýew eýeledi. Kümüş baýragy Sakina Gulamalyýewa gazandy, hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa Kuwwatmyrat Agamyradow çykdy. Şort-trek boýunça ýaş ussatlarymyzyň üçüsi hem ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň okuwçylarydyr. Olar bu ýerde Aýhanym Gulamalyýewanyň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler. Koreýa Respublikasynda türkmen toparyna ýolbaşçylyk eden Ýana Wahitowany hem belläp geçmek gerek. Onuň köpýyllyk tälimçilik tejribesi sportuň şu görnüşi boýunça ýaryşlarda ilkinji halkara üstünligini gazanmaga kömek etdi. Phençhandaky türgenleşik okuwlarynyň özi barada aýdylanda, olar iň abraýly halypalaryň ýolbaşçylygynda geçirildi. Olaryň hatarynda Koreýa Respublikasynyň at gazanan tälimçisi, şort-trek boýunça öz ýurdunyň köp gezek çempiony, ýaş şägirtlerine köp sport syrlaryny açan Kim Sung Han bar. Sportuň gyşky görnüşleriniň köp sanly sport söýüjiler bilen birlikde ýurdumyzda sportuň täze görnüşiniň dörändigine, esasan hem onda türkmen türgenleriniň gazanan ilkinji halkara baýraklaryna tüýs ýürekden begenmek isleýäris. Bu oňat başlangyçdyr...

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow