Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen boksçularynyň bürünç medallary
Sport
Türkmen boksçularynyň bürünç medallary
Çap edildi 01.02.2015
2376

Bişkek, 1-nji fewral (TDH). Türkmen türgenleri şu gün tamamlanan Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen boks boýunça halkara ýaryşynda bürünç medallaryň ikisini eýelediler. Milli ýygyndy toparymyzda Arslanbek Açilow (75 kilograma çenli agram derejede) we Ýakup Meredow (56 kilograma çenli agram derejede) sylaglara mynasyp boldy. Bäsleşiklere Russiýadan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Tailanddan, Mongoliýadan we beýleki ýurtlardan 180-e golaý türgen gatnaşyp, medallaryň 10 toplumy ugrunda özara bäsleşdi. Sport hünärmenleri Arslanbek Açilowyň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny bellediler. Çärýek final bäsleşiginde biziň boksçymyz Gazagystandan tejribeli türgen Abaý Toleşi bäsleşik tamamlanmanka nokautda ýeňdi. Ýarym finalda A.Açilow ýene bir gazak boksçusy Nursultan Janabaýew bilen duşuşdy, onda türgenleriň ikisi hem ýokary ussatlyk görkezdiler, şeýle-de bolsa eminler gazagystanly boksçynyň ýeňiji bolandygyny yglan etdiler. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Ýakup Meredow ýarym finala çykmagyň ýolunda birnäçe gezek üstünlik gazanan hem bolsa finala çykmagy başarmady. Muňa taýlandly güýçli boksçy T.Ongjunda päsgel berdi. Boks boýunça halkara ýaryşy Gyrgyzystanda eýýäm 38-nji gezek geçirilýär. Bu gezekki bäsleşikler boks boýunça Aziýa Konfederasiýasynyň howandarlygynda guraldy, bu bolsa ýaryşlara aýratyn ýokary dereje berdi. Oňa gatnaşýan toparlaryň hem sany köpeldi. Bişkekde geçirilen bu ýaryşlar 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Olimpiada ýollanmalary almak ugrundaky saýlama ýaryşlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry hökmünde baha berilýän halkara ýaryşlarynyň başyny başlady. Arzyly olimpiýa ýollanmalaryna mynasyp bolan türgenler Katarda geçiriljek dünýä çempionatynda we Tailandda boljak Aziýa çempionatynda kesgitleniler. Geçen ýylyň iri halkara ýaryşlarynyň netijeleri türkmen türgenleriniň dünýäniň esasy ýaryşlaryna gatnaşmaga ýollanma almaga mümkinçilikleri bardyr diýip umyt etmäge esas döredýär. Muňa Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen Aziýa oýunlarynyň netijeleri hem şaýatlyk edýär, onuň maksatnamasyna sportuň olimpiýa görnüşleri girýär. Şonda türkmen türgenleriniň ikisi — halkara derejeli sport ussatlary Serdar Hudaýberdiýew we Aziz Bebitow bürünç medala mynasyp boldy. Bu netije bolsa olara 2014-nji ýylda Türkmenistanyň iň güýçli türgenleriniň onlugynda ikinji we üçünji orunlary üpjün etdi. Türkmen boksçularynyň öňünde Braziliýada geçiriljek olimpiýa oýunlaryna ýollanmalary gazanmak ýaly ýeňil bolmadyk wezipe durýar.

Soňky habarlar
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
top-arrow