Baş sahypa
\
Sport
\
Taý boksy boýunça Türkmenistanyň birinji çempionaty geçirildi
Sport
Taý boksy boýunça Türkmenistanyň birinji çempionaty geçirildi
Çap edildi 01.02.2015
2435

Aşgabat, 1-nji fewral (TDH). Türkmenistanyň milli sport hereketiniň taryhyna täze sahypa ýazyldy: şu gün paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda taý boksy boýunça ýurdumyzyň birinji çempionaty tamamlandy . Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti we Taý boksy we başa-baş söweşiň garyşyk görnüşi boýunça federasiýa tarapyndan guralan ýaryşlara türgenleriň 60-a golaýy gatnaşdy, olar Balkan, Mary, Daşoguş welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň wekilleridir. Jemi sylaglaryň 13 toplumy üçin bäsleşikler geçirildi, olaryň bir toplumy görkezme çykyşlary üçin gowşuryldy: şonda 12 ýaşa çenli ýetginjekler 30 kilograma çenli agram derejesinde güýç synanyşdylar. Ýaryşlara esasy gatnaşyjylar barada aýdylanda bolsa, altyn medallar ugrundaky ýaryşlar aşgabatly we daşoguzly türgenleriň arasynda ýaýbaňlandy, olar erkekleriň arasynda finallaryň onusynda we zenanlaryň arasynda finallaryň ikisinde orunlary paýlaşdylar. Şeýle-de bolsa paýtagtly türgenler has oňat netijeleri görkezip, birinji orunlaryň 11-sini eýelediler – Resul Araşow (54 kilograma çenli), Rustem Baýramdurdyýew (60 kilograma çenli), Nurgeldi Ataýew (63,5 kilograma çenli), Mustafa Saparmyradow (67 kilograma çenli), Muhammetberdi Röwşenow (71 kilograma çenli), Nurmämmet Tekäýew (75 kilograma çenli), Anwar Haýydow (81 kilograma çenli), Resul Resulow (91 kilograma çenli), Ýalkapberdi Tejenow (91 kilogramdan ýokary), aýgül atadurdyýewa (60 kilograma çenli) we Aýida Annamämmedowa (71 kilogarma çenli) ýeňijiler boldular. Daşoguz welaýatynyň toparynyň agzalary birinji orunlaryň birine eýe boldular. Ol üstünlik Orazmuhammet Myradowa (57 kilograma çenli) degişlidir. Türkmenistanyň Taý boksy we başa-baş söweşiň garyşyk görnüşleri boýunça federasiýasy geçen ýylyň dekabr aýynda döredilip, ýurdumyzda sportuň bu görnüşini ösdürmek boýunça ilkinji ädimini ädip başlady. Ýaryşyň guramaçylary halkara kadalarynyň ähli aýratynlyklaryň göz öňünde tutdular. Şunda ýaryşlaryň barşy ýörite enjamlar we her bir tutluşygy milli taý sazynyň äheňleri we beýlekiler bilen bezeldi. Çempionatyň jemleri boýunça milli ýygyndy toparyň düzümi kesgitlener, ýygyndy topar Eýranda şu ýylyň 20-24-nji fewralda geçiriljek taý boksy boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görüp başlar. Öňde boljak dünýä birinjiligi türkmen türgenleri üçin Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlanmagyň ýolunda möhüm tapgyr bolar. Garaşylyşy ýaly, taý boksy Aziada-2017-niň maksatnamasyna girizilen görnüşleriniň arasynda iň täsirlisiniň biri bolar, ol ýaryşlara Aziýa yklymynyň ýurtlaryndan başga-da, Okeaniýanyň ýurtlarynyň toparlary hem gatnaşarlar.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow