Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Neşekeşligiň öňüni almak boýunça sebit maslahaty
Jemgyýet
Neşekeşligiň öňüni almak boýunça sebit maslahaty
Çap edildi 10.06.2015
1768

Aşgabat, 10-iýun (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda neşe serişdeleriniň ulanylyşynyň öňüni almagyň milli maksatnamalarynyň netijelliligine bagyşlanan iki günlük sebit maslahaty açyldy. BMG-niň neşeler we jenaýatlar boýunça müdiriýeti tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşmak üçin Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Eýrandan, Pakistandan, Owganystandan wekiller, şeýle hem BMG-niň neşeler we jenaýatlar boýunça müdiriýetiniň bilermeni Hanna Heýkila (Awstriýa) we sebitleýin utgaşdyryjysy Nadim Rehman (Eýran) Aşgabada geldiler. Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda neşe serişdeleriniň bikanun ulanylmagynyň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça alnyp barylýan iri möçberli çärelere ýokary baha berip, sebit we ählumumy meseleleri çözmekde biziň ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornunyň şu gezekki maslahatyň geçirilýän ýerini kesgitlemekde esasy görkeziji bolandygyny bellediler. Maslahatda neşe serişdeleriniň ulanylyşynyň öňüni alyş çäreleriniň netijelliligini ýokarlandyrmak, maşgalalaryň we mekdepleriniň, saglygy goraýyş ulgamynyň ýerli edaralarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň gatnaşmagynda – jemgyýetiň gyzyklanma bildirýän ähli toparlarynyň gatnaşmagynda işlenip taýýarlanylan çäreleriň kabul edilmegi ýaly meselelere garaldy. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, bu maslahatyň geçirilmegi sebitiň ähli ýurtlarynyň ilatynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmäge, jemgyýetçiligi zyýanly endikleriň ýaramaz täsiri barada habarlylygyny ýokarlandyrmaga, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy bilelikdäki tagalallary jebisleşdirmäge ýardam berer diýip nygtadylar. Ertir maslahat öz işini dowam eder.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow