Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Jemgyýet
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Çap edildi 28.11.2026
33

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on dördünji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň görkezmeleri esasynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde işlenip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlaryň taslamalary hem-de beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň işine degişli harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahata köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri-de çagyryldy.

«Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we olaryň taslamalarynyň korrupsiýa garşy bilermenler seljermesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna seretmek maslahatyň gün tertibine girizilen ilkinji meseleleriň biri boldy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, bu kanun taslamasy kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, olaryň taslamalarynyň korrupsiýa garşy bilermenler seljermesiniň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän baplary we maddalary özünde jemleýär. Bu Kanunyň kabul edilmegi Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnamany ýerine ýetirmäge, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goraglylygyny has-da ygtybarly üpjün etmäge, kadalaşdyryjy hukuk namalarynda, olaryň taslamalarynda korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalary üçin şertleri döredip biljek ýagdaýlary ýüze çykarmaga hem-de olary aradan aýyrmaga ýakyndan ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ençeme halkara resminamalara goşulmagy dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, parlamentariler «Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň artykmaçlyklary we aýratyn hukuklary hakynda Ylalaşyga goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2015-nji ýyldan bäri Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň agzasy bolmak bilen, bu ugra degişli birnäçe halkara resminamalara gatnaşyjy döwlet bolup çykyş edýär. Ýurdumyzyň bu Ylalaşygy tassyklamagy Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, Bitaraplyk syýasatyna ygrarlydygyny görkezip, ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy baradaky halkara borçnamalaryny üýtgewsiz berjaý edýän ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki derejesini pugtalandyrmaga ýardam eder.

Soňra «Ösümlikleriň karantini we goragy boýunça halkara Konwensiýa goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy. Türkmenistanyň bu resminama goşulmagy ekologiýa we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, biodürlüligi gorap saklamakda aýratyn ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Deputatlar «Merkezi Aziýany XXI asyrda ösdürmek maksady bilen, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda Şertnamany tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny içgin ara alyp maslahatlaşdylar. Bu Şertnama BMG-niň Tertipnamasyna we halkara hukugyň kadalaryna laýyk gelmek bilen, häzirki zaman wehimlerine garşy bilelikde göreşmegi hukuk taýdan berkidýär. Mundan başga-da, resminama sebitde parahatçylyk, gülläp ösüş zolagyny döretmegi, suw-energetika, ulag-logistika, söwda, ynsanperwer ugurlarda köptaraply kooperasiýany ilerletmegi maksat edinýär. Şertnamanyň tassyklanylmagy Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy üpjün ediji we ynanyşmagy berkidiji ýurt hökmündäki halkara abraýyny has-da dabaralandyrmaga goşant bolar.

Maslahatyň dowamynda «Goranmak çygrynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, bu Ähtnamanyň tassyklanylmagy ýurdumyzyň Hazarýaka sebitde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge goşant goşar.

Şeýle-de «Haryt nyşanlary boýunça kanunlar hakynda Şertnama goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna seredildi. Bellenilişi ýaly, bu Kanun ýurdumyzyň milli intellektual eýeçilik ulgamynyň ykdysady we hukuk ýagdaýynyň halkara giňişlikde ykrar edilmegine goşant goşup, daşary ýurtly maýadarlaryň, iri kompaniýalaryň Türkmenistanyň çäginde öz haryt nyşanynyň kanun taýdan goralýandygyna bolan ynamyny berkitmäge ýardam eder.

Soňra «Haryt nyşanlary boýunça kanunlar hakynda Singapur Şertnamasyna goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler Türkmenistanyň bu Şertnama goşulmagynyň ýurdumyzyň halkara söwda we milli intellektual eýeçilik ulgamlaryny dünýä standartlaryna laýyklykda kämilleşdirýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüljekdigini, ykdysady taýdan bäsdeşlige ukyplylygyny, maýa goýum babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini nygtadylar.

Deputatlar «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilýän kanunlaryň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelmegine aýratyn ähmiýet berlip, milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, seljerme işleri geçirilip, «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda ýurdumyzda hereket edýän 20 sany kanunçylyk namasyna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Bu Kanun taslamasynda göz öňünde tutulan üýtgetmelerdir goşmaçalar döwletimiziň degişli ulgamlarynyň işini has-da kämil derejede alyp barmak üçin hukuk taýdan mümkinçilikleri döreder.

«Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda bu üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň gümrük amallaryny “Bir penjire” ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, çalt amala aşyrmak arkaly harytlaryň we ulaglaryň eksporty, importy, üstaşyr geçirilmegi bilen baglanyşykly işlere gatnaşyjylaryň işlerini ýeňilleşdirmäge hem-de ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendigi nygtaldy.

Soňra deputatlar «Neşirýat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna seretdiler. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, neşirýat ulgamynda hem sanly hyzmatlardan peýdalanmak işi ýola goýlup, ähli çap önümleriniň elektron görnüşleri sanly ulgamyň üsti bilen ilata ýetirilýär. Şunda elektron neşirler bilen bagly işleriň hukuk binýadynyň döredilmegi döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Bu resminama milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on dördünji maslahatynda ara alyp maslahatlaşmaga hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda milli parlamentiň deputatlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, kanunçylyk taýdan üpjün etmek, ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny wagyz etmek, hereket edýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
29.11
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy parahatçylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk
29.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
29.11
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
28.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
27.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda
27.11
Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasy — ählumumy abadançylygyň bähbidine
27.11
Agzybirlik we döwletlilik ýoly bilen
26.11
Ulag ulgamynda zähmetiň halkara kadalary
26.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
top-arrow