Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Ak şäherim—Aşgabat” sergisi tamamlandy
Jemgyýet
“Ak şäherim—Aşgabat” sergisi tamamlandy
Çap edildi 25.05.2015
1510

Aşgabat, 25-nji maý (TDH). Şu gün Sergi köşgünde türkmen paýtagtynyň geljekki ösüşine, şäher gurluşygy we jemagat hyzmatlary ulgamyndaky täzeçil ýörelgelere we şäher gurşawynda oňaýly şertleriň döredilmegine bagyşlanan “Ak şäherim Aşgabat” atly ХIV köpugurly Halkara sergisiniň ýapylyş dabarasy boldy. Paýtagtymyzyň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu wekiçilikli forum ýurdumyzyň we dünýäniň şäher gurluşygynda ýeten derejesini aýan etmek üçin ähmiýetli meýdança öwrüldi. Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen tanyşmak üçin ägirt uly mümkinçilikleri açan sergä gelen müňlerçe adamlar bu gezekki forumyň täzeçil häsiýete we ýokary guramaçylyk derejesine eýedigini bellediler. Sergä daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan uly gyzyklanma bildirilmegi tötänden däldir. Paýtagtymyzdaky Sergi merkeziniň çäklerinde Fransiýadan, Russiýadan, Germanyiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Hindistandan, Ermenistandan, Ukrainadan we beýleki ýurtlardan gelen onlarça kompaniýalar öz mümkinçiliklerini görkezdiler. Şu ýyl köpugurly sergä gatnaşanlaryň sanawy we onda görkezilýän ugurlaryň görnüşleri has-da artdy. Onda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, kärhanalarynyň 130-a golaýy öz önümlerini görkezdiler. Munuň özi gurluşyk we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ulgamynda häzirkizaman tehnologiýalaryny we täzeçil işläp taýýarlamalaryny hödürlenýän hyzmatdaşlaryň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny üpjün etdi. Bu ýerde görkezilýän kämil tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň ýurdymyzyň baş şäheriniň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolar. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat häzirki döwürde sebitiň iri syýasy, senagat we ylym-bilim merkezleriniň biri bolup durýar we onda adamlaryň amatly ýaşaýşy üçin ähli şertler üpjün edilýär. Köpugurly forum Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň anyk netijelerini, onuň köpugurlylygyny, durmuş düzüminiň kämilleşdirilmegine bolan toplumlaýyn çemeleşmeleriň artykmaçlygyny, şäher hojalygynyň abadanlaşdyrylyşyny we gök zolaklaryň dörediliş usullaryny äşgär etdi. Şeýle hem sergi ýurdumyzyň we dünýäniň gurluşyk senagatynyň gazananlary, täze, ekologika taýdan arassa, şäheriň durmuş üpjünçiligini oňaýly ýola goýýan tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Aşgabat forumynyň barşynda pudagara derejede bolşy ýaly, türkmen telekeçileriniň dünýäniň gurluşyk ulgamyndaky işewür toparlarynyň agzalary bilen täze işewür gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny we bar bolan gatnaşyklaryň berkidilmegini şertlendirdi. Serginiň ýapylyş dabarasynyň Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýraçmylyk çäreleri we täze binalaryň açylyş dabaralary bilen utgaşandygyny aýratyn bellemeli. Sergä gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan dabaralara gatnaşmaga we bu ugurda alnyp barylýan işleriň gerimine göz ýetrmäge mümkinçilik aldylar. Ykdysady gözden geiçirilişiň ahyrynda ony guraýjylar we sergä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda bildirilen myhmansöýerlik we serginiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin milli Liderimize alkyş sözleri bar. Şu gün tamamlanan “Ak şäherimAşgabat” sergisi şähergurluşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, täze maýa goýumlaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň çekilmegine özboluşly goşant boldy. Özara gyzyklanma bildirilýän geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmalary özünde jemlän gepleşikleriň netijeleriniň täze şertnamalar, Watanymyzyň ak mermerli paýtagtynyň geljekki ösüş maksatnamasyny ýerine ýetirmek üçin ygtybarly binýat bojakdygy bellenildi.

Soňky habarlar
19.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
19.02
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
18.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
18.02
Sanly ykdysadyýet — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.02
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
17.02
Ýylyň şygary Watanymyzyň ösüşiniň hatyrasyna belent sepgitlere ruhlandyrýar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
top-arrow