Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan – ÝHHG: köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk
Jemgyýet
Türkmenistan – ÝHHG: köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk
Çap edildi 29.04.2015
1301

Aşgabat, 29-njy aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda “Maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmäge hem-de ýerli we daşary ýurtly žurnalistleri bellige almagyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga ýardam bermekde halkara ölçegleri hem-de milli tejribe” atly iki günlük maslahat öz işine başlady. Duşuşyk Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmek” taslamasynyň çäklerinde geçirilýär. Oňa Mejlisiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň wekilleri gatnaşýarlar. Maslahata çagyrylan halkara bilermenleri – Russiýa Federasiýasynyň “Ýokary ykdysadyýet mekdebi” Milli barlaglar uniwersitetiniň kommunikasiýalar fakultetiniň, media müdiriýetiniň, media we bezeg müdiriýetiniň professory Anna Kaçkaýewa we “Media hukuk instituty” (Ukraina) jemgyýetçilik guramasynyň direktory Taras Şewçenko ýygnananlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kanunçylyk, ýerine ýetiriji we kazyýet edaralary bilen gatnaşyklarynyň esasy kadalary, maglumatlaryň elýeterliligi meselelerini hukuk taýdan kadalaşdyrmagyň aýratynlyklary hem-de bu ulgamda halkara ölçegleri bilen tanyşdyrdy. Pikir alyşmalaryň barşynda milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýa ugry bilen ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler babatynda uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda maglumatlar giňişligini ösdürmek, täze metbugat hem-de elektron neşirlerini döretmek, Internet ulgamyny giňeltmek boýunça iri möçberli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryny hemmetaraplaýyn beýan etmäge ýardam berýän daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berilýär. Duşuşyga gatnaşyjylar milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň hünär derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen ýola goýlan köpýyllyk özara hyzmatdaşygyň netijeli häsiýetini belläp, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy dowam etdirmek baradaky pikiri öňe sürdüler. Ertir maslahatyň ikinji iş gününde žurnalistleriň möhüm wakalary beýan etmek boýunça işleriniň dürli taraplary, şol sanda medeni- ynsanperwer häsiýetindäki wakalary, halkara maslahatyny hem-de sport bäsleşiklerini, şeýle hem žurnalistleri bellige almak babatynda halkara kadalary we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Soňky habarlar
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
18.11
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
18.11
Parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak we netijeli hyzmatdaşlyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgeleri
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 811 müň dollaryndan gowrak boldy
16.11
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy: gün tertibinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy
16.11
Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
top-arrow