Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Atçylyk boýunça halkara sergi-ýarmarkasy we maslahaty tamamlandy
Jemgyýet
Atçylyk boýunça halkara sergi-ýarmarkasy we maslahaty tamamlandy
Çap edildi 24.04.2015
1453

Aşgabat, 24-nji aprel (TDH). Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlanylyp geçirilen halkara sergi-ýarmarkasy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VII halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady. Pudaklaýyn ýarmarka we maslahat dünýäniň onlarça ýurdundan ýüzlerçe wekilleri ýygnap, alymlara we bilermenlere, işewürligiň hem-de sportuň wekillerine tejribe alyşmak, atçylygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin giň mümkinçilikleri döretdi. Foruma gatnaşanlaryň arasynda atçylyk assosiasiýalarynyň hem-de klublaryň, tohumçylyk merkezleriniň we aýlawlaryň, weterinar klinikalaryň, at esbaplaryny, arabalary ýasaýjylaryň, iýmleri öndürijileriň wekilleri, gurluşyk hem-de maslahat beriji kompaniýalar, atçylygyň dürli ugurlarynda öz işini üstünlikli ösdürýän işewürler, şeýle hem ylmy-barlag guramalarynyň we degişli ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bar. Sergi köşgündäki aýlaw hojalygy üçin enjamlardan we atlara ideg etmek boýunça serişdelerden başlap, ippoterapiýanyň usullaryna, bilim beriş taslamalaryna hem-de çapyksuwarlary okatmaga we bedewlere baş öwretmäge çenli ähli zatlar sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Sergä gelen myhmanlaryň arasynda weterinarlar, türgen çapyksuwarlar, tälimçiler, hususy athanalaryň eýeleri hem bar. Olar daşary ýurtly önüm öndürijileriň diwarlyklarda goýlan önümlerini içgin öwrenip, harytlar we täze önümler bilen jikme-jik gyzyklandylar. Gollandiýa («Corton Netherlands»), Germaniýa («Roever & Rueb»), Beýik Britaniýa («Martin Collins»), Italiýa («Bernunzo»), Fransiýa (Unic) ýaly ýurtlaryň esasy kompaniýalary, daşary ýurtly telekeçiler, menejerler we marketologlar üçin geljegi uly türkmen bazaryna çykmak, atçylyk we atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere uly gyzyklanma bildirdiler. Şol wagtyň özünde olar häzirki zaman atçylygyny ösdürmegiň, ahalteke bedewlerini wagyz etmegiň, täze tehnologiýalary hem-de türkmen atçylarynyň ylmy gazananlaryny ornaşdyrmagyň milli tejribesine üns berdiler. Amaly-haşam sungatynyň, halk döredijiliginiň eserleri, bedewler hem-de beýleki nyşanlar şekillendirilen sowgatlyklar, suratlar we heýkeller bedewlere hem-de çapyksuwarlara niýetlenen dürli görnüşli ýörite esbaplaryň, eýerleriň, üzeňňileriň we beýleki zatlaryň üstüni ýetirdi. Bezegi we milli öwüşgini bilen tapawutlanýan biziň pawilýonlarymyz myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň çäklerinde atçylygyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ahalteke bedewleriniň genefondyny aýawly saklamak we naýbaşy atlaryň sanyny artdyrmak boýunça seçgi-tohumçylyk işini geçirmäge täze çemeleşmeler, halkara atçylyk ýaryşlaryny, atçylyk syýahatçylygyny guramak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hünärmenler zootehnika we weterinariýa, pudak üçin işgärleri taýýarlamak, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Forumyň ýapylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, halkara sergi-ýarmarkasy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VII halkara ylmy maslahat özara gatnaşyklary giňeltmäge nobatdaky saldamly goşant, türkmen atçylarynyň we olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň, milletiň we tutuş adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewlerine sarpa goýýanlaryň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňat meýdança boldy. Forumyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, atçylyk ulgamyny ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýändigi we uly şahsy goşandy, bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýandygy üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
18.11
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
18.11
Parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak we netijeli hyzmatdaşlyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgeleri
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 811 müň dollaryndan gowrak boldy
16.11
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy: gün tertibinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy
16.11
Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
top-arrow