Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan – ÝHHG: demokratiýanyň we adam hukularynyň ileri tutulýan ugurlary
Jemgyýet
Türkmenistan – ÝHHG: demokratiýanyň we adam hukularynyň ileri tutulýan ugurlary
Çap edildi 13.04.2015
1722

Aşgabat, 13-nji aprel (TDH). Şu gün Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili jenap Terri Marianiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady, şol sanda milli kanunçylyk ulgamyndaky düýpli özgertmeleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatldaşlygyň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Häzirki döwürde halkymyzyň bähbidiniň goralmagyna, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen demokrtaik özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Abraýly halkara guramasynyň wekiliýetiniň agzalary milli kanunçylygyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirilmegine aýratyn ähmiýet berilýän hukuk özgertmeleriň wajyp ugurlary bilen tanyşdyryldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we ÝHHG-niň netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändiklerini belläp, parlament edaralaryny ösdürmek ulgamyndaky netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy barada aýtdylar. Wekiliýetiň Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynda olaryň “ÝHHG-niň Parlament assambleýasy: mandat, işiň ugurlary we möhüm meseleler” ady bilen geçirilýän maslahata hem-de Türkmenistanyň Milli gyzyl ýarymaý jemgyýetinde geçiriljek duşuşyga gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow