Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Balkanabatda täze demir ýol menzili guruldy
Jemgyýet
Balkanabatda täze demir ýol menzili guruldy
Çap edildi 14.02.2015
1694

Balkanabat, 14-nji fewral (TDH). Şu gün ählihalk baýramy bolan Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň merkezinde täze demir ýol menziliniň açylyş dabarasy boldy. Şanly waka mynasybetli täze binanyň öňündäki meýdançada baýramçylyk dabaralaryna giň gerim berildi. Bu ýerde guralan dabara welaýatyň we Balkanabat şäheriniň häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we köp sanly ýaşlar dabara gatnaşdylar. Folklor we tans toparlarynyň çykyşlary çärä özboluşly öwüşgin çaýdy. Baýramçylyk ruhunda bezelen meýdançada joşgunly sazlaryň astynda aýdym-tansly çykyşlara giň orun berildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň her bir güni beýik ýeňişlere, ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli ykdysady maksatnamalary iri maýa goýum taslamalarynyň netijesinde ýurdumyzyň günbatar sebiti sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Bu ýerde çykyş edenler tutuş Balkan welaýatynyň ilatynyň adyndan Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagy, halkymyzyň abadançylygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda yzygiderli alada edýän milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdylar. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň buýurmasy esasynda bina edilen Balkanabatdaky täze menzili “Ösüş gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri we işgärleri gurdular. Olar bu desgany şertnamada görkezilen möhletinden dört aý öň ulanmaga berdiler. Ak mermerli, iki gatly täze desga şäheriň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Haly gölleriniň keşbini şekillendiren altynsow bezegler we häzirki zaman gurluşyk serişdeleri bu bina özboluşly milli öwüşgin çaýdy. Menziliň binalar toplumynyň eýwany tanalmaz derejede döwrebaplaşdyryldy. Onuň birinji gatynda 100 ýolagça niýetlenen garaşylýan otag, petek, sorag-jogap, ykjam aragatnaşyk we maliýe alyş-çalyş bölümleri, çaýhana ýolagçylaryň hyzmatynda. Şeýle hem bu ýerde ähli maglumatlary özünde jemleýän elektron tablo, telewizorlar we bankomat ýolagçylar üçin oňaýly şertleri üpjün edýär. Menziliň ikinji gatynda dürli dükanlar we gazet-žurnal satylýan bölüm, şeýle hem Internet-kafe, maslahat zaly, edara otaglary, myhmanhana we VIP zaly bar. Bu ýerde eneler we çagalar üçin otag, lukmançylyk bölümi, zerur dessurlary amala aşyrmak üçin ýöriteleşdirilen otaglar ýolagçylaryň hyzmatynda. Binanyň ýyladyş we salkynladyş ulgamy özbaşdak hereket edýär. Taslamanyň çäklerinde demir ýol menziliniň ýolagçylar üçin niýetlenen meýdançasy doly döwrebaplaşdyryldy. Onuň tutuş boýuna ýörite telärler guruldy. Telärler we 250 orunlyk oňaýly oturgyçlar hatary Türkmenistanyň howa ýagdaýy nazarda tutulyp bina edildi. Menziliň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr. Ol ýerde saýaly baglar oturdylypdyr we dürli güller ekilipdir. Ýolagçylaryň dynç almagy üçin niýetlenen künjekde oturgyçlar bilen bir hatarda, özboluşly yşyklandyryjylar bar. Binanyň ýakynynda awtoulaglar üçin duralga gurlupdyr. Mahlasy, Balkanabatdaky täze demir ýol menziliniň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň günbatar sebitiniň esasy ulag geçelgeleriniň biri bolmak bilen, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän mümkinçilikleri özünde jemleýär. Bu ýerde ýolagçylar üçin bolşy ýaly, demir ýol ulaglary ulgamynyň işgärleri üçin ähli zerur amatlyklar üpjün edilipdir.

Soňky habarlar
20.11
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady
19.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde oba hojalyk pudagyna uly orun degişlidir
19.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
18.11
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
18.11
Parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak we netijeli hyzmatdaşlyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgeleri
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 811 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow