Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Adam hukuklaryny berjaý etmek – Türkmenistan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Jemgyýet
Adam hukuklaryny berjaý etmek – Türkmenistan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Çap edildi 17.01.2015
1696

Aşgabat, 17-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda geçirilen mejlise milli parlamentiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çagyryldy. Duşuşygyň gün tertibine Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, toparyň degişli döwürde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de 2015-nji ýyl üçin iş meýilnamalary bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Mejlisde nygtalyşy ýaly, Pudagara topary tarapyndan dünýä tejribesi we türkmen halkynyň demokratik ýörelgeleri hasaba alnyp, döwletiň we jemgyýetiň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça uly işler geçirildi. Hususan-da, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan özgertmeleriň strategiki esasy bolan milli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen Pudagara topary häzir hereket edýän kadalaşdyryjy – hukuk namalaryna syny amala aşyrdy we Türkmenistanyň Mejlisine adam hukuklary babatynda halkara kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak, şeýle hem bu ugurdaky özgertmeleri mundan beýläk hem dowam etdirmek boýunça teklipleriň tutuş toplumyny iberdi. Mejlisiň barşynda, şeýle hem toparyň 2015-nji ýyl üçin iş meýilnamasy kabul edildi we birnäçe beýleki meselelere garaldy.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow